Türkiýe Respublikasynyň Daşary ýurtdaky türkler we garyndaşlyk jemgyýetler müdirliginiň (YTB) başlygy Abdullah Eren Türkmenistanda saparda bolýar. Ol saparynyň ilkinji gününde Türkiýe Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki ilçihanasyna hem-de bilelikdäki türkmen-türk mekdebine baryp gördi.
Ertir türk myhmany Türkmenistanyň Bilim ministrliginde hem-de Medeniýet ministrliginde kabul ediler, şeýle hem türkiýeli myhman ýurdumyzyň öňdebayrjy 5 ýokary okuw mekdebinde bolup, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklary babatda pikir alşar.

Türkmenistana amala aşyran bu saparynyň ähmiýetini babatdaTürkiýe Respublikasynyň Daşary ýurtdaky türkler we garyndaşlyk jemgyýetler müdirliginiň (YTB) başlygy Abdullah Eren metbugat wekillerine beýanat berdi.
– Türkmenistan türki dünýäsiniň taryhy we medeniýeti babatda örän uly ähmiýete eýedir. Türkmenistan hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda uly ösüşlere eýe bolýar. Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar hem yzygiderli ösdürilýär. Munda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň uly tagallalary bar.
Döwletara gatnaşyklarynda ylym-bilim we medeniýet ugruna uly ähmiýet berilýär. Biz hem Daşary ýurtdaky türkler we garyndaşlyk jemgyýeti hökmünde türkmen ýaşlarynyň Türkiýede bilim almagy üçin mümkinçilikler döretmek üçin degişli işleri geçirýäris.
Dostlukly we doganlyk Türkmenistan döwletinden 1992-nji ýyldan bäri 3 müňden gowrak türkmen ýaşlarynyň Türkiýede talyp haky bilen bilim almagyna mümkinçilik döretdik. Häzirki wagtda Türkiýede 29 müňden gowrak türkmen talyby bilim alýar. Türkiýäniň talyp haky bilen bilim alýanlaryň sanyny yzygiderli artdyrmak ugrunda tagalla edýäris. Şu wagt 100 türkmen talyby talyp haky bilen Türkiýede bilim almagyny dowam edýär. Diňe geçen ýylyň özünde 30-dan gowrak türkmen ýaşlaryna şeýle mümkinçilik döredildi.
2024-2025-nji möwsüm üçin Türkmenistandan 524 türkmen ýaşlary Türkiýäniň talyp haky maksatnamasyna ýüz tutdy. Üstümizdäki ýylda iň azyndan türkmen ýaşlarynyň 100-sine talyp haky bermegi maksat edinýäris.
Türkmen ýaşlarynyň Türkiýede bilim alyp, yzysüre Türkmenistana dolanyp gelip, türkmen-türk gatnaşyklaryna goşant goşmagyny arzuw edýäris – diýip belledi.
Türkiýe Respublikasynyň Daşary ýurtdaky türkler we garyndaşlyk jemgyýetiniň başlygy Abdullah Eren Türkmenistan bilen bolan gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi ugrunda tagalla edýändiklerini we iki ýurduň arasyndaky 2,5 milliard dollara barabar bolan söwda dolanyşygynyň 5 milliard dollara ýetirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Abdullah Eren Türkmenistany türki dünýäsiniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belläp, has köp türkmen ýaşlarynyň Türkiýede bilim almagy ugrunda tagalla edýändiklerini belläp geçdi.
