JEMGYÝET

Messi, Gwardiola we futbol dünýäsinden haýyr-sahawat

Dünýäniň köp sanly ýurdunda dowam edýän ýiti respirator keseli zerarly köp sanly çäreler we sport ýaryşlary yza süýşürildi. Şu döwürde sport dünýäsiniň wekilleri bu keseliň öňüni almak üçin haýyr-sahawat işlerini amal edýärler.

Argentinanyň dünýä belli ýyldyzy, Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň Kataloniýa sebitiniň bu kesel ugrunda göreş alyp barýan “Hospital Clinic” hassahanasyna 1 million dollar haýyr-sahawat etdi. Hassahananyň ýolbaşçy düzümi Messä bu goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem Messi Argentinanyň klinikalaryna hem kömek berdi.

Mundan başga-da, “Manseçter Siti” toparynyň baş tälimçisi Hosep Gwardiola hem Barselona şäheriniň lukmançylyk bileleşigine 1 million haýyr-sahawat etdi. Bu maliýe serişdeleri lukmançylyk enjamlaryny satyn almaga gönükdiriler.

Şeýle hem Ronaldo we beýleki portugaliýa futbolçylar öz ýurdunyň lukmançylyk edaralaryna degişli kömekleri berýärler.

Fransiýanyň PSŽ topary hem 100 müň ýewro haýyr-sahawat etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystana sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Eýran hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady

Türkmenistanyň daşary işler ministri Adem Kula bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanda “Galkynyşgaz” döwlet kärhanasy dörediler

Ata Watan Eserleri