DÜNÝÄ

“Alibaba”-nyň esaslandyryjysy Aziýanyň iň baý adamy

Hytaýyň “Alibaba” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jek Ma Aziýa yklymynyň iň baý adamy boldy. Bu barada “Bloomberg” habarlar gullugy habar berýär.

Hytaýyň internet-söwda korporasiýasynyň ýolbaşçysy bolan Jek Manyň baýlygy 44,5 milliard dollara deňdir. Ol dünýäniň baýlarynyň sanawynda 18-nji orunda durýar. 19-njy orunda bolsa hindistanly “Reliance Industries” holdinginiň ýolbaşçysy Mukeş Ambani barýar. Mukeş Ambani nebitiň bahasynyň arzanlamagy bilen Aziýanyň baýlarynyň öňdebaryjysy derejesini ýitirdi. Ol bir gije-gündiziň dowamynda 5,8 milliard dollar ýitgi çekdi. Onuň häzirki emlägi 41,8 milliard dollara deňdir.

Habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Ma şu döwürde ýitgisini iň az derejä ýetirdi. Işewüriň ýitgisi 1 milliard dollar töweregidir.

“Alibaba” kompaniýasy 1999-njy ýylda esaslandyryldy. Ol elektron söwda bazarynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biridir.

Related posts

Türkmenistan bilen Müsüriň Daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar

Dünya liderleri, Türkmenistan’a geliyor

vepa

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň sebitleýin direktorynyň Aşgabada sapary