SPORT

Entoni Joşua – Kubrat Pulew tutluşygy

Britaniýaly Entoni Joşua (23-1, 21 KO) agyr agramda dünýä çempiony derejesini goramak üçin tutluşyga çykar. Joşua 20-nji iýunda London şäheriniñ Tottenhem stadionynda agyr agramda çykyş edýän bolgariýaly boksçy Kubrat Pulew (28-1, 14 KO) bilen tutluşygyny geçirer. Bu duşuşyk resmi taýdan mälim edildi. IBF guramasy bolgariýaly boksçyny esasy dalaşgär hökmünde saýlap aldy.

Emma WBO guramasynyñ ýolbaşçylary Joşuanyň ilki bilen ukrainaly boksçy Aleksandr Usik bilen tutluşyk etmelidigini belleýärler.

Netijede, Entoni Joşua bilen Kubrat Pulewiň arasynda tutluşygyň geçirilmegi babatda ylalaşyk gazanyldy.

Ýene-de okaň

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina 1/4 finala çykdy

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Kolumbiýada altyn we kümüş medallar gazandy

Belgiýa ABŞ-ny ýeňip, 1/4 finala çykdy

Ata Watan Eserleri