SPORT

Mbappe üçin ylalaşdylar

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary bilen Fransiýanyň “PSŽ” topary Kilian Mbappeniň transferi babatda ylalaşdylar. Bu barada “Sport.fr” neşiri habar berýär.

Taraplaryň ylalaşygyna görä, Mbappe Fransiýanyň “PSŽ” toparyndan Ispaniýanyň “Real Madrid” toparyna geçer. Fransuz topary Mbappe üçin goşmaça pul alar. Mbappe bolsa bir ýylda 35 million ýewro alyp, “Real Madrid” toparynyň iň köp hak tölenen futbolçysy bolar.

Mbappe bu möwsümde 13 duşuşykda oýnap, 15 gezek tapawutlandy. Mbappe oktýabr aýynyň ahyrynda “Altyn pökgi” baýragyna dalaşgär görkezilip, ses berişlikde 3-nji orny eýeledi.

Related posts

Kopa Amerika: Braziliýa ýeňiş bilen başlady

Hakimi Real Madrid toparynda çykyş eder

Mbappe 2 dünýä çempionatynda iň köp gol uran ilkinji futbolçy boldy