JEMGYÝET

BMW nyşanyny üýtgetdi

Germaniýanyñ BMW kompaniýasy täzelenen görnüşdäki nyşanyny dünýä jemgyýetçiligine ýetirdi. Täze nyşanyň ozalkysyndan daşynyñ gara reñkli tegelegi bilen tapawutlanýar, onuň merkezindäki ak we gök reñki bolsa üýtgedilmän galdyryldy. Bu reñkler Bawariýanyñ sarpasy hasaplanylýar. Kompaniýanyñ bellemesine görä, täze nyşan ýaş alyjylaryñ hem ünsini çekmeli diýip belleýärler. BMW öz nyşanynyñ daşky keşbini soñky gezek 1997-nji ýylda üýtgedipdir. Täze emblema 2021-nji ýylda BMW i4 kysymly awtoulagda ilkinji gezek ýerleşdiriler. Kompaniýanyň ýolbaşçylary täze nyşanyň täze döwrüň başlangyjy bolup hyzmat etjekdigini bellediler.

Şeýle hem KIA kompaniýasy 2020-nji ýylyñ oktýabr aýynda öz logotipini çalyşmagy meýilleşdirýär. Täze nyşanyň nähili boljagyny 2019-njy ýylyñ dekabr aýynda belli edildi. Nyşanda birleşen harplar emele geler we olar ak ýa-da gara reñkde ýerleşdiriler.

Geçen ýyl hem “Volkswagen” kompaniýasy öz nyşanyny üýtgetdi. Täze nyşan mahabat saýtlarynda, tehnologiýa ekranlarda gowy görüner diýip, kompaniýa hasaplaýar. Ulagyñ dürli görnüşine görä, nyşanda birnäçe reñkler ulanylar: gara, gyzyl we gök.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar