SPORT

Şamyradowyň maksady ― Ýewropa

«Rostowyň» özbegistanly hüjümçisi Eldor Şamuradowyň tiz wagtda Russiýanyň Premier ligasyny terk etmegi mümkin. Bu barada «ProSportsManagement» menejerlik kompaniýasyna salgylanyp, «Sport-Ekspress» habar berýär.

Habarda aýdylyşy ýaly, E.Şamuradow öňümizdäki tomusda Ýewropanyň öňdebaryjy toparlarynyň birine transfer bolup biler. Häzir gyzyklanýan toparlaryň ady aýdylmasa-da, özbek futbolça gelýän anyk we juda ähmiýetli teklipler bar.

Aslynda, Şamuradow üçin gyşda hem käbir teklipler geldi, ýöne «Rostowyň» ýolbaşçylary olaryň ählisinden ýüz öwürdiler. Emma öňümizdäki tomusda futbolçynyň has güýçli ligalarda oýnamak baradaky arzuwynyň amala aşyp biljekdigi aýdylýar.

Ýeri gelende, Şamuradowyň «Rostow» bilen şertnamasyny ýanwar aýynda bäş ýyllyk uzaldanlygyny aýtmak gerek. «Transfermarket» portalynda onuň bahasynyň 6,5 million ýewro barabardygy görkezilýär.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi