TEHNOLOGIÝA

5G tizlikli ilkinji planşet

«Huawei» kompaniýasy 5G tizlikli internetde işleýän planşeti öndürdi. «Huawei MatePad Pro 5G» diýlip, atlandyrylýan planşet häzirkizaman internetiň iň ýokary tizligine tap getirip bilýän az sanly tehnologik gurluşlaryň biridir.

Aslynda, dünýäniň käbir döwletleri 5G tizlikli interneti şu ýyl ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. «Huawei» kompaniýasynyň hünärmenleri bolsa ýokary tizlikli interneti söýüjilere «at almankalar, eýer almagy» maslahat berýärler. Ol täze planşetiň bu tizlikdäki internetiň ähli mümkinçiliklerini bagyşlajakdygyna ynandyrýarlar.

Onuň ekrany 2560х1600 ölçegindedir. Enjamyň dýumy bolsa 10,8-e ýetýär. Planşetiň 8 gigabaýtlyk ýady we 256/512 gigabaýtlyk içki ýady bolar.

Aňryçäk mümkinçilikleriň ýene-de uly toplumyny özünde jemlän planşetiň häzirki bahasy 800 ýewro deň.

Related posts

Samsung Galaxy S22 seriýasynyň çykjak wagty belli boldy

Dünýädäki iň kiçi telefon

Dünýäniň iň garry kosmos syýahatçysy