TEHNOLOGIÝA

Zarýad üçin 5 minut ýeterlik

Koreýa Respublikasynyň alymlary elektrikli ulaglary bary-ýogy bäş minutda 80 göterim zarýadlandyryp bilýän täze tehnologiýany işläp düzdüler. Bu barada «CS Publications» neşiriniň habarynda aýdylýar.

Olaryň aýtmagyna görä, täze tehnologiýa bilen elektrikli ulaglaryň ähli görnüşlerini şeýle tiz wagtda zarýadlandyrmak mümkindir. Ýöne näme üçindir mundan ozal hiç kim bu babatda synanyşyk etmändir.

Häzirki elektrokarlaryň aglabasynda grafitli akkumulýatorlar bar. Koreý alymlary bolsa olary kremniýli akkumulýator bilen çalşyrmagy maslahat berýärler. Şeýle edilse, ulagy zarýadlandyrmak üçin bir kofe içerlik wagt ýeterlik bolar.

Alymlaryň başga bir topary bolsa kremniýli akkulmulýatorlar birnäçe gezek zarýadlandyrylandan soňra olaryň kuwwatynyň azalýandygynyň tarapdary.

Related posts

Aşgabatda «HI-TECH Turkmenistan 2024» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň sanly Konsepsiýa-2028: emeli aň ykdysadyýeti, 5G, TransHazar kabel geçirijisi

Ata Watan Eserleri

6G ulgamyny öwrenýär

Ata Watan Eserleri