TEHNOLOGIÝA

Öz-özüni dolandyrýan gämi Atlantikany geçer

Soňky ýyllarda awtoulag öndürijiler we tehnologiýa kompaniýalary sürüjisiz ulaglary işläp düzmek üçin köp tagalla etdiler. Şu hepdäniň dowamynda IBM kompaniýasy bilen Beýik Britaniýanyň “Promare” haýyr-sahawat guramasy sürüjisiz gämiler üçin nawigasiýa ulgamyny synagdan geçirmäge taýýarlyk görýändiklerini mälim etdi. Bu ugurda 2 ýyla golaý iş edildi.

Açyk deňizde nawigasiýa ulgamynyň işleýiş ulgamyny emeli aň bilen dolandyrmak göz öňünde tutulýar. “Mayflower” gämisine bu ulgam ornaşdyrylar. “Mayflower” 400 ýyl mundan ozal iňlis  raýatlarynyň Demirgazyk Amerika giden ilkinji gämilerinden biriniň adyny göterýär.

Tehnologiýa nukdaýnazaryndan soňky 400 ýylda bolup geçen üýtgeşmeler, adamlaryň durmuşyny aňsatlaşdyrmak we olara peýda getirmek maksady bilen amala aşyryldy.

Öz-özüni dolandyrýan gämi Atlantika ummanyny 2 hepdede geçer. Gün we ýel energiýasyndan peýdalanylar. Şeýle hem ätiýaçda dizel generatory hem enjamlaşdyrylar.

Synaglaryň üstünlikli tamamlanmagy öz-özüni dolandyrýan gämileriň mundan beýläk-de ösmegine itergi berer diýlip garaşylýar.

Ýene-de okaň

Russiýa Federasiýasy ilkinji indoneziýaly kosmonawtyň uçuşyny guramaga taýýar

ABŞ-da gumanoid robot sebäpli uçar gatnawy gijikdirildi

«Aýdyň gijeler»: türkmen dilinde emeli intellekt dörediler

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň ylmy-barlag merkezlerini döretmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy