SPORT

Jorj Kluni futbol topary satyn almakçy

Golliwudyň meşhur aktýorlaryndan Jorj Kluni Ispaniýanyň milli futbol çempionatynyň ikinji ligasynda çykyş edýän “Malaga” toparyny satyn almagy göz öňünde tutýar. Kluni we hyzmatdaşlary bu topar üçin 36 million ýewro teklip etdiler.

Ispaniýanyň metbugatdaky habarlara görä, Kluni we şäriklerinden ybarat bolan topar “Malagany” satyn almak üçin onuň häzirki eýesi Kataryň Şeýhi Abdullah Al-Tanä teklip bilen ýüzlendiler. Kataryň Şeýhiniň bu topar üçin 100 million ýewro talap edendigi mälim edildi.

Şeýh Abdullah Al-Tani bu topary 2010-njy ýylda satyn alypdy. “Reuters”-iň habar bermegine görä, Kataryň Şeýhi bu topary satyn almak üçin 36 million ýewro töläpdi.

Related posts

V Yslam raýdaşlygy oýunlary: Türkmenistanyň ilkinji medallary

Ata Watan Eserleri

“Ahalyň” Çempionlar ligasyndaky ikinji duşuşygy şowsuz tamamlandy

Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi