92-nji “Oskar” baýragy gowşuryldy: “Parazitler” öňe saýlandy

Kino dünýäsiniň iň abraýly baýragy hasaplanýan «Oskar» baýragynyň 2020-nji ýyldaky eýeleri mälim edildi. Her ýylyň fewral aýynda geçirilýän bu baýrak gowşurylyş dabarasy ýene-de Golliwuddaky belli “Dolby” teatrynda guraldy.

92-nji gezek geçirilen “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasy kino muşdaklarynyň uly gyzyklamasyna eýe boldy. Günorta Koreýanyň “Parazitler” filmi 6 ugur boýunça baýraga mynasyp bolup, uly meşhurlyk gazandy. şeýle hem bu film “Oskar” baýragynyň taryhynda ilkinji gezek daşary ýurtly film hökmünde baýraga mynasyp boldy.

Bu abraýly baýraga eýe bolanlaryň sanawy şeýle:

“Iň gowy film” – “Parazitler” (Günorta Koreýa).

“Iň gowy reJissýor” – Pon ÇJun Ho (“Parazitler” filmi).

“Iň gowy daşary ýurt filmi” – “Parazitler”.

“Iň gowy aktýor” – Hoakin Feniks “Joker” filmindäki keşbi üçin.

“Iň gowy ikinji plandaky aktýor” – Bred Pitt “Bir döwürler Golliwudda” filmindäki keşbi üçin.

“Iň gowy aktrisa” – Rene Zellweger “Judi” filmindäki keşbi üçin.

“Iň gowy ikinji plandaky aktrisa” – Lora Dern “Nika taryhy” filmindäki keşbi üçin.

“Iň gowy kino sazy” – Hildur Gudnadouttir “Joker” filmi.

“Iň gowy kino aýdymy” – (I'm Gonna) Love Me Again – “Roketmen” filmi (sazy: Elton Jon, sözleri: Berni Topin).

“Daşary ýurt dilindäki iň gowy film” – “Parazitler”.

“Iň gowy uýgunlaşan ssenariýa” – “Jojo atly towşan”.

“Iň gowy hakyky ssenariýa” – Pon ÇJun Ho we Han Jin Won (“Parazitler” filmi).

“Iň gowy animasiýa filmi” – “Oýunjaklaryň taryhy-4”.

“Iň gowy operator” – Rojer Dikens (“1917” filmi).

“Iň gowy montaJ” – Endrýu Baklend we Maýkl Makkaser (“Ford Ferrarä garşy” filmi).

“Iň gowy gysga metraJly oýun filmi” – “Garşysyndaky äpişgä” (reJissýor Marşall Karri).

“Iň gowy dokumental film” – “Amerikan fabrigi” (reJissýor Stiwen Bognar we Juliýa Raýhert).

“Iň gowy gysga göwrümli dokumental film” – “Uruş hereketleri sebitinde skeýtbord bilen typmagy öwrenmek” filmi.

“Iň gowy gysga göwrümli animasion film” – “Galpakly söýgi” filmi.

Related posts

Türkmenistanyň we Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin halkara informatika internet olimpiadasy geçiriler

TOPH-yň ilkinji bölegi boýunça Owganystana gaz iberilişi 2027-nji ýylda başlanar

Türkmenistan we Ýewropanyň energetika jemgyýeti hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär

Ata Watan Eserleri

Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

Ata Watan Eserleri

“Petronas” kompaniýasy Türkmenistana 12 milliard dollardan gowrak maýa goýdy

«Dragon Oil» kompaniýasy Türkmenistanda 12 milliard dollar maýa goýdy

Gruziýanyň Premýer-ministri: Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyrys

Ata Watan Eserleri

Zenan futbol toparlarynyň ilkinji dünýä çempionaty geçiriler

Ata Watan Eserleri

“Atletiko Madrid” topary gazak futbolynyň ösüşine goşant goşýar

Rustam Minnihanowdan Türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

ILKINJI

Öwezmyrat Ýerbendi halypany ýatlap…

Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar

Ata Watan Eserleri

TOPH gaz geçirijisiniň Hyrat şäherine çenli böleginiň gurluşygy 80%-e golaý tamamlandy

Gyrgyzystan Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Mongoliýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi

OGT 2026: Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Merkezi Aziýa-Gruziýa daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

SOCAR kompaniýasynyň wekili Nusrat Alyýew bilen söhbetdeşlik