DÜNÝÄ

Boks ýaryşy Hytaýdan Iordaniýa göçürildi

3 ― 14-nji fewral günlerinde Hytaýyň Uha şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen boks boýunça halkara ýaryşyň geçiriljek wagty we ýeri üýtgedildi. Munuň esasy sebäbi Hytaýyň birnäçe şäherinde, şol sanda Uhanda hem koronawirusyň ýüze çykarylmagydyr.

Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň boksçularyna Olimpiýa oýunlaryna ýollanma gazanmaga mümkinçilik döretjek bu halkara ýaryş Iordaniýanyň paýtagty Amman şäherine göçürildi. Halkara ýaryş 3 ― 11-nji mart aralygynda geçiriler.

Şeýlelikde, boks boýunça yklym ýaryşy bir aý yza süýşdi. Halkara sport federasiýalary şu ýyl Hytaýda geçirilmegi meýilleşdirilen beýleki ýaryşlar babatynda hem çynlakaý oýlanýarlar.

Related posts

«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» – Meleguş

Efiopiýa ertir 2014-nji ýyla girer

Laos Durnukly ulag boýunça dostlar toparyna goşuldy

Ata Watan Eserleri