DÜNÝÄ

Arno ýene tagty eýeledi

«Forbes» neşiriniň maglumatlaryna görä, «Dünýäniň iň baý adamy» diýen derejä ýene-de Bernar Arno gaýdyp geldi. Arno «LVMH» fransuz holdinginiň ýolbaşçysydyr. Bu holding «Christian Dior», «Louis Vuitton», «Givenchy», «Guerlain», «Chaumet, Moët & Chandon» we «Hennessy» ýaly söwda markalaryna eýelik edýär.

Ozal dünýäniň iň baý adamy «Amazonyň» esaslandyryjysy Jeff Bezosdy. Ýöne kompaniýanyň aksiýalarynyň bahasynyň 0,7 göterim pese düşmegi bilen Bezos baýlygyndan 760 million dollaryny ýitirdi. Tersine, «LVMH-iň» aksiýalaryndaky 0,7 göterimlik artyş Bernar Arno üçin 1,9 milliard dollarlyk girdejiniň çeşmesi boldy. Arnonyň baýlygy 2019-njy ýylyň iýun aýynda 100 milliard dollardan gowrak hasaplanylýardy. Şondan bäri onuň baýlygyna ýene-de 17 milliard dollar goşuldy.

Arno we Bezosdan başga dünýäniň iň baý adamlarynyň ilkinji bäşliginde Bill Geýts, Uorren Baffet we mark Sukerberg bar. Rus milliarderi Leonid Mihelson 27 milliard dollarlyk baýlygy bilen 36-njy orunda.

Related posts

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ylmy hyzmatdaşlygy ösdürýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” 12-nji Tokio dialogy

Harby edaralar 7 ýyllyk meýilnama taýýarlar