JEMGYÝET

Çaga degişmelerinden

Aýjan jigisinden

Osman, jigim, eger-de seniň eliňden ary çaksa ilki bilen näme etmeli?!

Aglamaly.

* * *

Kaka maňa pişigiň suratyny çekip beräý-dä.

Sen pişigiň suratyny näme etjek oglum?!

Syçanyň hinine bakdyryp goýjak.

* * *

Ene siz näme üçin gözüňize äýnek dakynýaňyz?

Hemme zady dürs görmek üçin oglum.

Onda şol dürs görkezýän äýnegi maňa-da beräýiň.

Sen äýnegi näme etjek?

Aman depderine hatlary düşnüksiz ýazýar. Şony dürs görüp menem göçürer ýaly.

* * *

Aýagyna geýen aýakgabynyň bagjyklaryny birikdirip, daňyp goýan Ahmetjikden ejesi soraýar:

─ Wii oglum, seniň edýäniň näme?

─ Eje men aýakgaplarym deň ýöresin diýip daňdym. Ýogsam büdrärin-dä.

***

Lukmanyň «Eger-de siz süýdi köpüräk içseňiz dişleriňiz patrak ýaly bolup çykar» diýeni ýadyna düşüp, Jahanjyk enesine maslahat berýär:

Ene, sizem köpüräk süýt içseňiz täze dişler çykar ─ diýip çyny bilen maslahat berýär.

***

Serdar näme üçin Gün diňe ýagtyda bolýar-a. Garaňkylykda bolsa ýitirim bolup, ýerine Aý gelýär?

Sebäbi Gün garaňkylykdan gorkýar.

***

Mugallym okuwçydan soraýar:

— Meret bagda näçe alma bar?

— Iki alma. Mugallym!

— Eger şol almalaň biri saňa bersem, onda bagda näçe alma galar?

— Hiç hili alma galmaz, mugallym.

— O näme üçin?

— Aý, sebäbi meň ýanymda jigimem barda.

* * *

Bügüljik jigisinden soraýar:

— Jigimjan, seret şu nämäniň suraty?

— Aýyň.

— Ýok. Gowja seret.

— Aýy.

― Aýyň suýaty diýdim-ä.

* * *

— Jigimjan asmana seret, näçe ýyldyz bar?

— On.

— Ýok. Täzeden sana.

— On diýdimä. Men diňe ona çenli sanap bilýänä.

***

Kakasy oglundan soraýar:

― Ýeri, oglum, sen aýt, bu gün mekdepde näçelik baha aldyň?

― Altylyk.

― O nähili?

Matimatika dersinden üçlik, taryh dersindenem üçlük-dä kaka.

***

Ejesi Gözele:

Erik, armyt, alma.

Süýji, köke, gant

— diýen ýazgyly kagyzy uzadyp, — Bar gyzym şulary satyn alyp gel, diýip dükana ugradýar. Kän wagt geçmänkä Gözeljik satyn alan zatlaryny ejesine görkezýär.

— Wii, gyzym, men erik diýdim, armyt diýdim hany olar? — Eje sen olaryň yzyndan «Alma» diýip ýazypsyňa…

***

― Aman, sen näme üçin synpdaşyň Amanyň gündeligini getirip, meň iş stolumda goýupsyň?

― Aý, kaka, senemaý familýasyny hökman okamalymaý. Menä diňe içindäki bäşliklere seredersiň öýtdüm.

***

Merdan jigisi Mergenden soraýar:

― Jigim sen kiçijik gurçuklary gördüňmi?

― Howa.

― Ana şol gurçuklar nirede ýaşaýarlar?

― Almanyň içinde.

***

Kemal synpdaşy Durdydan soraýar:

― Durdy, näme üçin syçanlar hemme zady gemirýärlerkä?

― Sen şolaryň gemirýänlerine begen. Hemme zady iýseler näme ederdik?!

***

Kerim krasswordy çözmek üçin eline galam alýar. Ýöne ähli soraglaryň jogabyny enesinden soraýar. Kakasy gelip:

Ýeri oglum, bularyň jogabyny kim bildi? Men kime kemput bermeli  diýende —

Enem aýtdy, men ýazdym — diýip hantamalyk bilen jogap berýär.

***

Maral tikin tikip oturan enesine ýüzlenýär —

— Ene, men iňňe bilen däl-de temen bilen tikäýin!?

— Wii, näme üçin gyzym?

— Temen bilen tiksem men bahym bolaryn. Onsaň joralarym bilen oýun oýap bilerin-dä.

* * *

— Mekan, oglum, sen ol saralan ýapraklary näme edýäň?

— Eje, bularam edil almalar ýaly saralyp bişipdirler. Şonuň üçin ýapraklary ýygyp gölejigime berjek.

* * *

— Kaka, kaka, sen maňa owadan güliň suratyny çekip beräý!

— Bolýa gyzym, ýöne sen owadan güliň suratyny näme etjek?

— Eneme sowgat etjek.

* * *

Gawun iýip oturan Jemaljyk jorasyna ýüzlenýär ─

Maral, sen şu çigitleriň nämä gerekdigini bilýäňmi?

Howa, ol çigitler indiki gawunlaryň içine salmak üçin gerek.

* * *

— Jeren, gyzym, bu gün türkmen dili sapagynda nämeleri öwrendiňiz?

— Sorag sözlemini.

— Hany, onda aýt gyzym.

— Eje, sen maňa kemput aldyňmy?!

***

Mähriniň özünden kiçi jigisi gapda galan iň soňky kempuda elini uzadyp aglaýar. Mährijik bolsa jigisine:

― Jigim jan, kempudy diňe men ulular iýmeli. Me, saňa, gurjajyk ― diýip mekirlik edýär.

***

― Salam, buzgaýmak satýan daýy! Maňa buzgaýmak beräýiň!

― Bolýar, ýöne haýsy görnüşinden gerek?

― Sowukdälinden!

Berdiliýewa Gunça, Aşgabat säheri

 

Ýene-de okaň

Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetini belledi

“Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň konsepsiýasyny” kabul etmek teklip edildi

Kosmosda 1111 gün: Oleg Kononenkodan taryhy rekord

Wiktor Orban: wenger-türkmen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürilýär

Ýun Sok Ýol: Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz täze derejä çykaryldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlandy