JEMGYÝET

Haýwanlaryň özlerini alyp baryşy boýunýa howa çaklamasy

Guş bir aýagynyň üstünde durup uklasa, ertesi howa salkyn bolar ýa-da ýagyş ýagar.

***

Gurbagalar suwdan çykyp ot-çöplere siňip başlasa, ertesi ýagyş ýagar.

***

Garlawaçlar suwuň ýüzünden jügüldäp uçsa howa bulaşar.

***

Towuk gaty ses bilen käkelese, tozanly howa bolar.

***

Gurbagalar kenara çykyp “aýdym aýtsa”, ertesi dymyk howa bolar.

***

Irden guşlar ýapragyň aşak ýüzünde gizlense, howa yssy bolar.

***

Agşam suwly ýerde buzaw “jürläp” owaz etmese, ertesi dymyk howa bolar.

***

Ýaplarda gurbagalar daň atýança uklamasa, ertesi howa yssy bolar.

***

Gumrylar “guguk-gugu-guk” edip saýrasa, şol gün howa yssy bolar.

***

Guşlar toparlanyşyp bagdan-baga gonup saýraşsalar, şol gün ýa ertesi ýagyş ýagar.

***

Towuklar gündiz çugudyp uklasa, sowuk ýelli howa bolar.

***

Öý guşlary saýramasa, ertesi ýelli howa bolar.

***

Maýyl günde gaz bir aýagynyň üstünde dursa, ertesi sowuk bolar.

***

Torgaý gelenden soň, dokuz günden soň gar ýagar.

Toplan Baýgeldi ÇARYÝEW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň meteorologiýa hünäriniň IV ýyl talyby.

 

Ýene-de okaň

Türkmen gallaçylary 1 million tonna bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana döwlet saparyny amala aşyrar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Malaýziýa täze ylalaşyklara gol çekdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi

Arkadag şäherinde gurulýan metjit «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylar

Türkmenistanda täze müfti wezipä bellendi

Ata Watan Eserleri