DÜNÝÄ

Bütindünýä Saýýaralar kongresi geçirilýär

Häzirki günlerde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Tehas Ştatyna degişli Hýuston şäherinde kosmonawtika boýunça halkara guramanyň gurnamagynda «Saýýaralar kongresi» geçirilýär. Şu ýylky kongrese Ýer ýüzünde kosmonawtlaryň 130-dan gowragy gatnaşýar diýip, dünýä metbugatynda habar berilýär.

Bu gezekki kongres Aýa ynsan aýagynyň degmeginiň 50 ýyllyk ýubileýine bagyşlanýar. Saýýaralar kongresi bir hepde dowam eder. Onuň dowamynda kosmonawtikany mundan beýläk hem ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Related posts

Dünýäniň iň garry erkegi Jon Tinniswud boldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Täjigistanyň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Milli Liderimiziň kitaplary Türkiýäniň Prezidentiniň Milli kitaphanasyna sowgat berildi

Ata Watan Eserleri