DÜNÝÄ

Superýyldyz bejergi alýar

«Bolliwudyň» dünýä meşhur kinoýylydyzy Amitabh Baççan ýakynda bagryna bejergi almak üçin Mumbaýdaky Liliwati hassahanasyna ýerleşdirildi. Ol eýýäm birnçä gün bäri lukmanlardan bejergi alýar diýip, hindi metbugaty habar berýär.

77 ýaşly kinoýyldyzyň saglygy baradaky maglumatlar heniz metbugata gelip gowşanok. Maşgala agzalary bolsa günüň ähli wagtynda diýen ýaly onuň ýanynda Amitabh Baççanyň özi bu ýagdaýyň mümkin boldugyndan gizlin saklanmagyny isledi. Şonuň üçin hem birnäçe günläp kärdeşleri onuň hassahana düşeninden habarsyz galdylar. Metbugatda habaryň ýaýran pursatyndan bäri bolsa ony görmäge gelýänleriň yzy üzülenok.

Şu ýyl üç filmde surata düşen ýyldyzyň öňümizdäki iki ýylda ýene-de ýedi film bilen şertnamasy bar.

Related posts

Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Türkmenistana geler

Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara forum boýunça brifing geçirildi

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi

vepa