DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Moldowa Respublikasynyň Prezidentleri arasynda duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.N.Dodonyň baştutanlygynda bu ýurduň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Mejlisiň çäklerinde Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.Dodon bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň liderleri söwda-ykdysady, energetika, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bilen bagly meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Related posts

Türkmenistan Bahreýn Patyşalygyna ilçi belledi

Türkmenistan IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan-Azerbaýjan parlamentara hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy