JEMGYÝET

Ýaponiýada mikrotolkunly peçlerden ýüz öwrülýär

Soňky döwürde metbugatda mikrotolkunly peçleriň zyýanly täsiri barada makalalardyr habarlar ýygylaşyp başlady. Hatda bu meselä alymlar derejesinde seredildi. Gelnen netije bolsa mikrotolkunly peçleriň haýryna däl: ylym olaryň zyýanly taraplaryny ýüze çykardy. Şonuň üçin Ýaponiýada ýylyň ahyryna çenli mikrotolkunly peçlerden peýdalanmagyň doly bes edilmegine garaşylýar. «Noticias sobre» neşiriniň habar bermegine görä, indiki ýyldan başlap, ýurtda mikrotolkunly peçlerden peýdalanmak dolulygyna gadagan ediler.

Bu hereket diňe bir Ýaponiýa bilen çäklenmeýär. 2021-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň kompaniýalary mikrotolkunlaryň önümçiligini doly bes etmekçi. 2023-nji ýylda bolsa şeýle peçleriň ulanylyşyny Hytaýda-da ýatyrmak göz öňünde tutulýar. Diýmek, peçleriň iň täze görnüşi sanlyja ýylyň içine taryha öwrülip biler.

Ýene-de okaň

Eswatininiň Patyşasy Mswati III Türkmenbaşa geldi

Ata Watan Eserleri

Nepalyň Premýer-ministri Türkmenistana geler

“Makul habar”: şu gezekki sany BMG-niň Awaza forumyna bagyşlandy

Ata Watan Eserleri

Gazagystanyň Prezidenti BMG-niň Awaza forumyna gatnaşar

BMG-niň Awaza forumy: dünýäniň ünsi Awazada jemlener

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Ata Watan Eserleri