JEMGYÝET

<> mebelleri kärendesine hem berer

Mebel önümçiligi we söwdasy bilen meşgullanýan dünýäniň iň uly kompaniýalarynyň biri bolan IKEA ýakyn geljekde mebelleri kärendesine bermegi hem göz öňünde tutýar. Ýöne bu başlangyç, häzirlikçe, diňe taslamadyr. Bu işiň nähili tertipde amala aşyryljakdygy barada gürrüň etmek heniz ir.

Şeýle-de bolsa häzirden käbir zatlary aýdyp bolar. Olaryň ilkinjisi hem IKEA-nyň ilki ofis mebellerini kärendä berip, soňra aşhana mebelleriniň kärendesine geçjekdigidir. Mebelleri kärendä bermek boýunça ilkinji synaglar Şweýsariýada amala aşyrylar.

Kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň biri Torbjorn Luf«Finansi  al Taýms» gazetine beren interwýusynda bu barada şeýle diýdi: «Biz bu işi hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde amala aşyrarys. Olara-da mebelleri kärendesine bermäge mümkinçilik dörederis. Baglaşylan şertnama görä, kärende möhleti tamamlanansoň, mebelli ýene-de yzyna alarys. Bu iş iki tarap üçin hem ähmiýetli bolar. Çünki könelişen hasap edilýän mebeller köp ýerde zibile oklanylýar. Biz bolsa olary gaýtadan işläp, täzeden satlyga çykararys ýa-da kireýine bereris. Şeýdibem, önümiň ömrüni uzaldarys».

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz Şuşa şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherinde gurulýan metjit bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidentine “Mert” atly garabag bedewi sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň mukaddesliklerini sarpalady

Aşgabat-Baku: ikitaraplaýyn ähtnamalaryň uly toplumyna gol çekildi