GENERAL

«Ikea» mebelleri kärendesine hem berer

Mebel önümçiligi we söwdasy bilen meşgullanýan dünýäniň iň uly kompaniýalarynyň biri bolan IKEA ýakyn geljekde mebelleri kärendesine bermegi hem göz öňünde tutýar. Ýöne bu başlangyç, häzirlikçe, diňe taslamadyr. Bu işiň nähili tertipde amala aşyryljakdygy barada gürrüň etmek heniz ir.

Şeýle-de bolsa häzirden käbir zatlary aýdyp bolar. Olaryň ilkinjisi hem IKEA-nyň ilki ofis mebellerini kärendä berip, soňra aşhana mebelleriniň kärendesine geçjekdigidir. Mebelleri kärendä bermek boýunça ilkinji synaglar Şweýsariýada amala aşyrylar.

Kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň biri Torbjorn Luf «Finansial Taýms» gazetine beren interwýusynda bu barada şeýle diýdi: «Biz bu işi hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde amala aşyrarys. Olara-da mebelleri kärendesine bermäge mümkinçilik dörederis. Baglaşylan şertnama görä, kärende möhleti tamamlanansoň, mebelli ýene-de yzyna alarys. Bu iş iki tarap üçin hem ähmiýetli bolar. Çünki könelişen hasap edilýän mebeller köp ýerde zibile oklanylýar. Biz bolsa olary gaýtadan işläp, täzeden satlyga çykararys ýa-da kireýine bereris. Şeýdibem, önümiň ömrüni uzaldarys».

Ýene-de okaň

What to taste in İzmir: Exploring Türkiye’s Aegean Flavours

Meeting of the Deputy Ministers of Foreign Affairs of Turkmenistan and the Republic of Armenia

Foreign ministers of Turkmenistan and Iran had a telephone conversation

Azerbaijani opera performers take stage at TURKSOY Gala in Ashgabat

The Ambassador of Turkmenistan met with Assistant Secretary Paul Kapur

Ambassador of Turkmenistan Met with the CEO of Dragon Oil