JEMGYÝET

Talyp wizalarynda täze düzgünleşdirme

Türkiýäniň Aşgabatdaky Ilçihanasy okuw maksatly Türkiýä gitmek isleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň wiza ýüz tutmalarynda online ýazylyşyk sistemasyna geçýändigini habar berýär. Şuňa laýyklykda, 2018-nji ýylyñ 1-nji aprelinden başlap Ilçihana edilen wiza üçin ýüz tutuşlarda online ýazylmak sistemasy ulanylyp başlanar, şol seneden soñ ýazylmadyklaryñ ýüz tutuşlary kabul edilmez.

Bu çarçuwada, wiza ýüz tutuşlary üçin www.visa.gov.tr ýa-da www.konsolosluk.gov.tr/visa salgylaryndan “wiza ýüz tutuş anketasy (visa pre-application form)” doldurylyp, amallaryñ dowamynda iñ soñky tapgyra gelineninde “ýazyl (make appointment)” düwmesine basylyp ýazylmak gerek.

Bu ýagdaýda, aýratyn hem Aşgabat şäherinden başga ýerlerde ýaşaýan we okuw maksatly Türkiýä gitmek isleýän ýüz tutýanlaryñ öz şäherlerinde, kompýuteriñ üsti bilen ýazylyp, öz ýazylan güninde Ilçihana gelmeklerine garaşylýar.

Okuw wizasyna ýüz tutmak üçin zerur resminamalaryñ sanawy habarymyza çatylýar, ýüz tutýanlaryñ soralýan resminamalaryñ ählisini tamamlanlaryndan soñ ýazylmaklary hökman. Kem resminamalar bilen Ilçihana gelinen halatynda amalyñ doly soñlanmajakdygy sebäpli, ýüz tutýanlaryñ täzeden ýazylmaklary gerek bolar.

Täze kabul edilen talyplar tarapyndan uniwersitete hasaba alynmaly senelere üns berlip, hasaba alyş senesiniñ soñky güninden öñki wagtda okuw wizasyny aljak görnüşde ýazylmak, wiza amallarynyñ soñky güne goýulman öz wagtynda edilmegi kyn ýagdaýa düşmezlik üçin ähmiýetli bolup durýar.

Okuw maksatly wiza:

 

  • Wiza ýüz tutuş anketasy (www.visa.gov.tr ýa-da www.konsolosluk.gov.tr/visa salgylaryndan doldurylyp bilner)
  • Uniwersitetden alynjak “kabul haty” ýa-da “talyplyk haty”
  • Aradaky kursda okaýan talyp bolsa bahalarynyñ hem görkezilmegi zerur
  • Maddy taýdan ýeterlikdigini görkezýän resminama we terjimesi
  • Orta bilim hakynda attestatyñ kopiýasy
  • Içerki we zagran pasportlaryñ kopiýalary
  • 2 sany foto surat (5×6)
  • 18 ýaşyndan kiçiler üçin ynanç haty (Türkmenistandaky ýa-da Türkiýedäki (ene-atasy Türkiýede bolanlar üçin) notarius tarapyndan taýýarlanmaly. Türkmenistanda taýýarlanan ynanç hatlaryny Türkmenistanyñ Adalat Ministrliginiñ we Daşary Işler Ministrliginiñ tassyklamagy gerek, şeýle hem Ilçihanamyz tarapyndan terjimesi tassyklanmaly)
  • 90 günlik saglyk ätiýaçlandyrmasy

 

Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habar Agentligi (ATHA)

 

 

 

Degişli Habarlar

 

İlgili Haberler

Wiza Anketa Doldurmakda Online Terjime Hyzmaty

http://www.atavatan-turkmenistan.com/news_details.php?news_id=MTQ2NA==

Makul Hyzmat Terjime Merkezi Türkiýä wiza ýüz tutmalarynda resminamalaryň terjimesinde we anketa doldurmak üçin terjime hyzmatlaryny hödürleýändigini habar berýär.  Mälim bolşy ýaly Türkiýäniň Aşgabatdaky Ilçihanasy tarapyndan 1 Aprel 2018 senesinden başlap talyp wiza ýüz tutmalarynda online ýazylyşyk prosesine geçilýär. Şol sebäpli online terjime hyzmatynyň ähmiýeti has artýar. Türkiýä wiza ýüz tutmalarynda gerekli resminamalaryň terjimesi üçin Makul Hyzmat Terjime Merkezinden hyzmat alyp bilersiňiz. Makul Hyzmat Terjime Merkeziniň IMO resmi hasabyna goşulmak bilen online terjime hyzmatyny almak, şeýle hem anketa doldurmak boýunça terjime hyzmatlary barada has anyk maglumatlary almak mümkin!

Makul Hyzmat IMO hasabyna goşulyň : +993 63 78 96 73

Habarlaşmak üçin

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. Gat, 401

E: Mail Adres : makulhyzmat@gmail.com  

Telefon   : +993 63 78 96 73

Telefon  : + 993 12 96 48 55

Resmi IMO hasaby : +993 63 78 96 73

 

Türkiye’de Eğitim İçin “Atavatan Danışmanlık”

http://www.atavatan-turkmenistan.com/news_details.php?news_id=MTQ3MA==

İstanbul’da Türk Ticaret kanunlarına göre kurulu ve faaliyette bulunan Atavatan Danışmanlık LTD şirketi Türkiye’de eğitim almak isteyen Türkmenistan vatandaşlarına danışmanlık hizmetlerini sunmaktadır. Yenikapı metroya 3 dakika yürüme mesafesinde bulunan Atavatan Danışmanlık ofisine uğrayarak veya İMO ve WhatsApp uygulamaları aracılığıyla iletişime geçerek daha detaylı bilgi alabilirsiniz. Google Haritalar uygulamasından “Atavatan Danışmanlık Tercüme” yazarak ofisi kolaylıkla bulabilirsiniz.

Eğitim ve tercüme hizmetlerini sunan Atavatan Danışmanlık kanuna uygun çözümlerle Size hizmet vermeye hazırdır.

Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi

Aksaray mahallesi Koçibey sokak,  Erler Apt No:34 D:7 Kat:4  Fatih/ İstanbul 

E: Mail Adres : atavatanltd@gmail.com        

Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)

IMO Atavatan : +90 532 401 71 52

WhatsApp  Atavatan : +90 532 401 71 52

Telefon : +90 212 550 61 49 (Türkiye)

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Sigeru Isibany doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

2025-nji ýyl üçin: Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Gazagystan söwda dolanyşygyny 1 milliard dollara ýetirer

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Efiopiýa iş saparyny amala aşyrdy

“Galkynyş” topary 3 million manat pul baýragy bilen sylaglandy