SPORT

Milletler ligasy: Ispaniýa Fransiýa bilen duşuşar

2026/27-nji ýylyň möwsüminiň Milletler ligasynyň çärýek finalynda futbol boýunça Ispaniýanyň ýygyndy topary Fransiýanyň topary bilen duşuşar. Bu barada Şweýsariýanyň Nýon şäherinde geçirilen bije çekişlikden soň mälim boldy.

Beýleki çärýek final oýunlarynda Norwegiýa — Angliýa, Niderlandiýa — Portugaliýa, Belgiýa — Germaniýa duşuşyklary geçiriler.

Ilkinji oýunlar 25–27-nji martda, jogap oýunlary bolsa 28–30-njy martda geçiriler.

Mundan ozalky Milletler ligasynyň ýeňijisi Portugaliýanyň ýygyndy toparydyr. Ýaryşlar 2018-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär.

Related posts

Sport taryhynyň iň gymmat şertnamasyna gol çekildi

Transfer täzelikleri: “Liwerpul” Kabagy aldy

“Liwerpul” kubok ýaryşyndan çykdy