Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy. Bu barada Federasiýa Geňeşiniň metbugat gullugy habar berýär.
Walentina Matwiýenko Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň güýzki sessiýasynyň çärelerine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň parlamentarilerine bildirilen mähirli myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi. Ol Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da üstünlikli başlyklyk edendigini belläp, bu döwri möhüm wakalara baý, mazmunly we netijeli diýip häsiýetlendirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara we parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn köptaraply hyzmatdaşlygyň oňyn depgin bilen ösýändigini bellediler.
Federasiýa Geňeşiniň Başlygy türkmen halkynyň Milli Liderine Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwletara dialogy ösdürmek ugrunda yzygiderli edýän tagallalary we parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Walentina Matwiýenko Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA-nyň Parlamentara Assambleýasyna agza döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygyna hem gatnaşdy. Ol gatnaşyjylaryň adyndan çykyş edip, Türkmenistanyň Arkalaşyga başlyklyk edýän ýylynda Assambleýanyň güýzki sessiýasyny Türkmenistanda geçirmek başlangyjy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi.
Matwiýenko 16-njy noýabrda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan BMG bilen GDA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda Kararnamanyň kabul edilmegini möhüm waka diýip atlandyrdy. Onuň bellemegine görä, bu resminama GDA-nyň ýokary abraýyny we häzirki zaman dünýäsinde onuň ornunyň barha ýokarlanýandygyny tassyklaýar. Şeýle hem ol Kararnamanyň awtordaşlarynyň biri hökmünde çykyş eden Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän döwründe kabul edilmeginiň aýratyn simwoliki ähmiýete eýedigini nygtady.
