SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

19-njy Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün garaşylmadyk ýagdaýlar size öň kyn bolup görünýän işiňizi üstünlikli çözmäge mümkinçilik döreder. Şeýle hem birnäçe wagtdan bäri jogabyny tapyp bilmeýän soraglaryňyza-da garaşylmadyk ýagdaýda aýdyňlyk girip biler.Günüň ikinji ýarymynda bolsa adamlar bilen aragatnaşyk saklamak üçin örän amatly gün. Işewür duşuşyklar hem, şahsy söhbetdeşlikler hem üstünlikli geçer.Dürli häsiýetli adamlar bilen aňsat düşünişersiňiz, hatda pikirleri siziňkiden düýpgöter tapawutlanýan kişiler bilen hem umumy dil tapyp bilersiňiz. Käbir Hamallar garaşmadyk ýagdaýda peýdaly hyzmatdaşlyk tekliplerini alarlar. Şeýle teklipleriň geljekde girdejiniň artmagyna oňyn täsir etmegi mümkin.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün möhüm meýilnamalaryňyz bar bolsa, olary durmuşa geçirmäge howlukmaň. Esasanam, ýanyňyzda doly bil baglap boljak adamlar bolmasa, her bir ädimiňizi öňünden oýlanyp ädip, seresaply hereket ediň. Käbir ýagdaýlarda garaşylmadyk başagaýlyklar ýüze çykyp biler. Şeýle pursatlarda duýgularyňyza erk edip, howlukmaç netije çykarman,  ähli zady ölçerip karar kabul  örän möhümdir.Agşam öý hojalygy bilen bagly meseleleri çözmek, maşgala agzalary bilen wagt geçirmek üçin amatly bolar. Garyndaşlaryňyz bilen duşuşmak ýa-da dostlaryňyzy görmek hem keýpiňizi göterer. Söýgüliňiz bilen duşuşyk hem garaşanyňyzdan has ýakymly geçip biler. Eger oňa ýatdan çykmajak pursat sowgat etmek isleseňiz, duşuşygyňyzy adaty bolmadyk görnüşde guramak size başardar.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu günüň üstünlikli geçmegi köp babatda siziň jogapkärçilikli hereket etmegiňize bagly bolar. Esasanam, pul we hünär işlerinde ýeňil çemeleşmelerden  gaça duruň. Size  ynanylan her bir işe çynlakaý garasaňyz, ýalňyşlyklaryň öňüni alyp, garaşýan netijäňize ýetip bilersiňiz.Täze hyzmatdaşlaryň we goldaw berjek adamlaryň peýda bolmagy mümkin. Käbir Jöwzalar geljekde iş mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam etjek täsirli adamlar bilen tanyşarlar. Olaryň maslahatlary ýa-da teklipleri täze ugra gadam basmagyňyza sebäp bolup biler.Şahsy gatnaşyklarda günüň täsiri oňyn bolar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün  käbir Seretanlar diňe bir ygtybarly hyzmatdaşlary däl, eýsem hakyky dostlary hem taparlar. Täze romantik gatnaşyklaryň başlanmagy-da ähtimal. Bu meselede içki duýgyňyza bil baglaň. Göwnüňize ýaran adamalara  nähili çemeleşmelidigini ýüregiňiz size özi duýduryp biler. Şeýle hem ilkinji ädimleri  ätmekden çekinmäň. Munuň üçin günüň ortaky wagty has amatly bolar. Kimdir birini duşuşyga çagyrmak isleseňiz, özüňize  bu mümkinçiligi dörediň.Maliýe meselelerini çözmek üçin hem amatly gün. Käbir Seretanlaryň eline garaşylmadyk möçberde pul gelip biler. Bu esasan, öz ýaşaýyş jaýyny kärendesine berýänlere ýa-da gozgalmaýan emläk ulgamynda işleýänlere degişli. Şeýle-de,peýdaly söwda etmek ýa-da girdejili geleşik baglaşmak mümkinçiligi bar.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Işewürlikde  hem-de şahsy gatnaşyklarda kim bilen aragatnaşyk saklaýandygyňyza üns beriň. Uzak wagtlap netijesiz söhbetdeşliklere ýa-da çynlakaý meseleler boýunça jedellere goşulmak üçin amatly gün däl. Özbaşdak çözüp biljek işleriňize üns berseňiz, garaşanyňyzdan çalt netije gazanarsyňyz. Şeýle-de, üns we takyklyk talap edýän işler üçin amatly pursat bolar. Daş-töweregiňizden näçe az ünsüňiz bölünse, şonça-da gowy netije gazanarsyňyz.Günüň ortasynda işiňiz bilen bagly gyzykly habar gelip biler. Eger soňky wagtlarda iş ýeriňizi ýa-da hünär ugruňyzy üýtgetmek barada pikir edýän bolsaňyz, bu ugurda anyk ädimleri ätmäge başlap bilersiňiz. Has işjeň Esetlere garaşylmadyk we geljegi uly teklipleriň gelmegi mümkin.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Günüň birinji ýarymynda biri-birine gabat gelmeýän habarlar gelip biler. Ýagdaýyň hakykatda nähili bolandygyny anyklamak üçin biraz wagt gerek bolar. Şonuň üçin eşiden zatlaryňyza dessine ynanmaň, anyk maglumatlara daýanyň we howlukmaç netije çykarmakdan saklanyň. Hatda ozal maslahatlaryna bil baglan adamlaryňyz hem bu gezek ýalňyşyp bilerler.Emma günüň ikinji ýarymy has şowly we ruhlandyryjy bolar.Täze tanyşlyklar, gyzykly duşuşyklar üçin amatly pursat dörär. Käbir Sünbüleleriň durmuşynda täze romantik gatnaşyklaryň başlanmagy mümkin. Wakalaryň garaşanyňyzdan çalt ösmegi sizi birbada aljyraňňylyga salyp biler. Ýöne umumy ýagdaý oňyn bolansoň, artykmaç alada etmegiň zerurlygy ýok.Maliýe babatda bolsa seresaplylyk zerur. Bir tarapdan, tutanýerlilik we ugurtapyjylyk arkaly girdejileriňizi artdyrmagyň täze ýoluny tapyp bilersiňiz.

 Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün adamlar bilen düşünişmek käbir kynçylyklary döredip biler. Eger iş ýa-da şahsy durmuşyňyz bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaly bolsaňyz, muny günüň birinji ýarymynda etmäge çalşyň. Şol wagt özara düşünişmek we ylalaşyk gazanmak has aňsat bolar.Günortadan soň ýagdaý birneme dartgynlaşyp biler. Özüňiziň adatdakydan has birkemsiz we eglişiksiz hereket etmegiňiz töweregiňizdäkileriň nägileligine sebäp bolup biler.Günüň ikinji ýarymy ýakymly wakalara baý bolar. Iş taslamaňyz ýa-da hünär geljegiňiz bilen bagly hoş habar eşitmegiňiz mümkin. Şeýle-de uzak möhletleýin we peýdaly hyzmatdaşlyk teklipleriniň gelmegi ähtimal.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Öz wagtynda görkezjek tutanýerliligiňiz arkaly Bu gün çözgüdi ýok ýaly görünýän işiňizde üstünlik gazanyp bilersiňiz. Köp Akraplar özleriniň has  gowy häsiýetlerini görkezerler. Bu bolsa daş-töweregiňizdäkileriň ünsünden düşmez. Ozal siziň mümkinçilikleriňize ýeterlik baha bermedik adamlar hem pikirlerini üýtgedip, hatda hyzmatdaşlyk teklibi bilen ýüz tutup bilerler. Şeýle teklipleri kabul etmezden öň ähli şertleri seljerip, içki duýgyňyza hem gulak asyň.Günüň ikinji ýarymynda söýgi gatnaşyklarynda bolsa hemme zat siziň isleýşiňiz ýaly aňsat bolmazlygy mümkin. Söýgüliňiz bilen ownuk düşünişmezlikler, käbir meseleler boýunça gyzgyn jedeller ýüze çykyp biler. Şeýle pursatlarda göwnüňize ýakyn adamyňyzyň duýgularyna düşünmäge çalşyň. Gödek sözlerden we göwnüne degip biljek hereketlerden gaça dursaňyz, gatnaşyklaryňyzdaky sazlaşygy tiz dikeldip bilersiňiz.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)

Bu gün nähili meýilnamaňyz bar bolsa-da, her bir işde seresaplylygy elden bermäň. Töwekgelçilik etmek ýa-da ähli zadyň öz-özünden gowy boljakdygyna bil baglap, pikirlenmezden hereket etmek üçin bu gün  amatly gün däl. Iň dogry ýol  öňünden anyk meýilnama düzmek, ähli jikme-jiklikleri göz öňünde tutmak we diňe şondan soň möhüm kararlara girişmek maslahat berilýär.Günüň ikinji ýarymynda bolsa şahsy gatnaşyklarda bolsa ýagdaý has ýakymly bolar. Esasanam, söýgi durmuşynda garaşylmadyk wakalar bolup biler.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Günüň başy, esasanam möhüm iş meselelerini çözmäge girişen Jediler üçin birneme kyn bolup biler. Öňden gazanylan ylalaşyklar bozulyp, bil baglan adamlaryňyz garaşylşy ýaly kömek etmän  bilerler. Şeýle ýagdaýda käbir işleri özbaşdak çözmeli bolarsyňyz. Ýöne öz bilimiňiz we tejribäňiz dogry karar kabul etmäge ýeterlik bolar. Günortalarynda bolsa ýagdaýlar kem-kemden gowulaşyp başlar. Ilki bilen iş durmuşynda oňyn üýtgeşmeler duýlar. Öň çözülmän duran meseleler herekete gelip, käbir işler garaşanyňyzdan aňsat çözüler.

Daluw (gowa 21.01 — 20.02)

Bu günüň başynda ýüze çykan täze pikirleriňizi dessine durmuşa geçirmäge howlukmaň. Iň bolmanda günortana çenli öňden taýýarlan meýilnamaňyza laýykly hereket etmek has ýerlikli bolar. Ynamdar hyzmatdaşlaryňyzyň we köpden bäri tanaýan dostlaryňyzyň maslahatlaryna hem gulak asyň. Olar sizi howlukmaç kararlardan we soňundan ökünip biljek ýalňyşlyklardan saklap bilerler.Günortadan soň iş we maliýe babatda has amatly döwür başlanar. Girdejili geleşik baglaşmak ýa-da gazanjyňyzy artdyrmak üçin mümkinçilik dörär. Käbir Daluwlar peýdaly hyzmatdaşlyk teklibini alyp bilerler ýa-da kär basgançagynda ýokary galmak mümkinçiligine eýe bolarlar. Öňden tanaýan adamlaryňyzyň gyzykly iş pikirlerini paýlaşmagy we sizi şol taslamalara gatnaşmaga çagyrmagy hem ähtimal.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Işewür duşuşyklar hem, şahsy söhbetdeşlikler BU GÜN üstünlikli geçer. Eger täze hyzmatdaşlara ýa-da kömekçilere mätäç bolsaňyz, olary tapmak kyn bolmaz. Käbir Hutlar geljekde romantik gatnaşyklara öwrülip biljek täze tanyşlyklary başdan geçirerler. Bu gatnaşyklaryň nähili çalt ösjekdigi bolsa, köp babatda siziň öz islegiňize bagly bolar.Günüň ikinji ýarymy maliýe taýdan hem gün şowly bolar. Esasanam, öz işini alyp barýan Hutlar girdejilerini artdyrmak üçin birnäçe mümkinçilik taparlar. Goşmaça işlemekden çekinmeýänler hem zähmetleriniň netijesini görerler. Şu gün tutanýerlilik we yhlas öz miwesini berer.

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

 

 

Related posts

30-njy Iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

20-nji Aprel ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

17-nji iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama