Sekiz gezek «Altyn top» baýragynyň eýesi bolan Lionel Messiniň ejesi Seliýa Kuççittini Italiýanyň «Komo» futbol klubunyň ýarym goragçysy Niko Pasy oglunyň Argentinanyň milli ýygyndysyndaky mynasyp oruntutary hasaplaýar. Bu barada futbolçynyň daýysy Fabian Pas «Radio La Red» radiostansiýasyna beren interwýusynda gürrüň berdi.
7-nji oktýabrda Lionel Messi Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde soňky duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşykda argentinaly futbolçylar Beniniň milli ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler. Hüjümçi bir gol geçirip, iki gezek netijeli pas berdi. Duşuşykdan soň Messiniň ejesi bilen Niko Pasyň arasynda söhbetdeşlik boldy.
«Ol geýim çalşyrylýan otagdan çykanda, Messiniň ejesi aglaýardy» diýip, Fabian Pas gürrüň berdi.
«Niko ony öňden tanaýandygy üçin ýanyna baryp salamlaşdy. Şonda Messiniň ejesi onuň elinden tutup: „Sen meniň oglumyň ornuny eýelejek futbolçysyň“ diýdi. Men bolsa oňa awtoulagda garaşýardym. Ol daşary çykanda, diýseň tolgunýardy we maňa: „Ýaňyja başymdan geçen wakanyň hakykatdygyna ynanyp bilemok“ diýdi. Ol bu wakany maňa adatdan daşary bir zat bolan ýaly gürrüň berdi. Aslynda, ol häsiýeti boýunça edil çaga ýaly, bu waka oňa örän güýçli täsir edipdir» diýip, Fabian Pas belledi.
Häzirki wagtda 39 ýaşyndaky Lionel Messi 2023-nji ýyldan bäri Demirgazyk Amerikanyň Esasy futbol ligasynda (MLS) çykyş edýän «Inter Maýami» klubunyň düzüminde oýnaýar.
Argentinaly futbolçy Ýewropadaky karýerasynda Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» (PSŽ) we Ispaniýanyň «Barselona» klublarynda çykyş etdi. Ol «Barselonanyň» düzüminde dört gezek UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň, üç gezek UEFA-nyň Superkubogynyň we üç gezek klublaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy.
Lionel Messi 2022-nji ýylyň dünýä çempiony, 2014-nji we 2026-njy ýyllarda geçirilen dünýä çempionatlarynyň iki gezek kümüş medalynyň eýesi, 2008-nji ýylyň Olimpiýa çempiony, şeýle hem 2021-nji we 2024-nji ýyllarda Amerikanyň kubogynyň iki gezek ýeňijisidir.
Mundan başga-da, Messi futbol taryhynda iň köp «Altyn top» baýragyna mynasyp bolan futbolçy hökmünde rekordyň eýesidir.
22 ýaşly Niko Pas Madridiň «Real» futbol klubunyň ýetişdiren oýunçysydyr. Ol bu toparyň düzüminde 2024-nji ýylda Ispaniýanyň çempiony bolup, UEFA-nyň Çempionlar ligasynda we Ispaniýanyň Superkubogynda ýeňiş gazandy.
2024-nji ýyldan bäri Niko Pas Italiýanyň «Komo» klubunda çykyş edýär. Ilkibaşda argentinaly futbolçy bu toparda kärende şertlerinde oýnap, soňra klubuň doly hukukly oýunçysyna öwrüldi.
Žurnalist Fabrisio Romanonyň maglumatyna görä, «Komo» kluby 2026-njy ýylyň tomsunda Niko Pasyň transfer hukuklaryny 60 million ýewro satyn aldy.
