BILIM

Türkmenistanda halkara ylym-bilim ýaşlar klasterleri dörediler

Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny» ýerine ýetirmek boýunça meýilnama laýyklykda, ýaşlaryň bilim almagy, pikir alyşmaklary, intellektual kooperasiýa işlerine gatnaşmaklary üçin startap merkezlerini we dürli ugurlar boýunça halkara ylym-bilim ýaşlar klasterlerini döretmek göz öňünde tutulýar.

Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde beren hasabatynda bellenildi.

Şeýle-de halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny giňeltmek, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagyna ýaşlary işjeň çekmek, halkara guramalar bilen ählumumy başlangyçlara ýaşlaryň gatnaşmagyna ýardam bermek, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň bilelikdäki halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny dowam etdirip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek göz öňünde tutulýar. Watanymyzyň şöhratly taryhy we milli gymmatlyklary barada halkara bilim bäsleşiklerini gurap, «Ýaş zehinler» atly maksatnamany daşary ýurtlaryň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda amala aşyrmak hem möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.

Related posts

Attestat bilen soňky mümkinçilik : Ankara uniwersiteti

Dr.Döwran Orazgylyjov

Jon Smit talyp haky maksatnamasy kabul edişlik başlady

Türkmenistanda 1 müň 239 sany talyp orny artdyryldy