JEMGYÝET

Walentina Matwiyenko Federasiýa Geňeşiniň wekiliýeti bilen Awaza geldi

18-nji noýabrda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geldi.

Russiýanyň wekiliýetini howa menzilinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary – Sekretariatynyň ýolbaşçysy Dmitriý Kobitskiý garşylady. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň resmi saýty habar berýär.

Wekiliýetiň düzümine Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow, Federasiýa Geňeşiniň Halkara işler baradaky komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Grigoriý Karasin, Konstitusion kanunçylyk we döwlet gurluşygy baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasarlary Nikolaý Wladimirow we Wladimir Kojin, şeýle hem şol komitetiň agzasy Oleg Sepkiniň girýändigi bellenilýär.

Related posts

Türkmenistanyň daşary işler ministri Türkiýede saparda bolar

Enerji Şartı Konferansı Forumu Aşkabat’ta Başladı

vepa

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanda saparda bolar

Ata Watan Eserleri