JEMGYÝET

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanda saparda bolar

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol Merkezi Aziýa döwletlerinde resmi saparda bolar. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň 11-15-nji iýun aralygynda Türkmenistanda, Gazagystanda we Özbegistanda saparda boljakdygy bellenildi.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol Türkmenistana özüniň ilkinji saparyny amala aşyrýar. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan üstünden 30 ýyldan gowrak wagt geçdi.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy gaz we gazhimiýa pudaklarynda hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan Koreýa bilen ulag ugrunda-da işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Häzirki wagtda türkmen tarapy koreý hyzmatdaşlarynyň gämi gurluşygy babatdaky tekliplerine uly gyzyklanma bildirýär.

2008-nji ýylyň sentýabrynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda koreý dili bölümi, 2019-njy ýylyň sentýabrynda Türkmenistanda Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwrenmek boýunça bilim merkeziniň açyldy.

 

Related posts

Täze opera ilkinji Prezidente bagyşlanar

vepa

Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen telefon söhbetdeşligi

Täze ilçiler wezipä bellendi