MEDENIÝET

Türkmen žurnalistikasy agyr ýitgi çekdi: Amangeldi Nurmyradow aradan çykdy

Türkmenistanda 40 ýyldan gowrak wagtyny žurnalistika bagyş eden, tejribeli žurnalist Amangeldi Nurmyradow 2026-njy ýylyň 17-nji noýabryna geçilen gije uzak wagtlap dowam eden agyr keselden soň aradan çykdy.

Amangeldi Nurmyradow 1962-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Ahal welaýatynyň Bäherden obasynda dünýä indi. Ol Moskwanyň M. W. Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetini tamamlady.

Özüniň köpýyllyk zähmet ýolunda Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň metbugat gullugynda işledi. Soňra «Вечерний Ашхабад» gazetiniň baş redaktory, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH), şeýle hem «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysy bolup zähmet çekdi.

2000-nji ýyllardan başlap, ol Russiýanyň «RIA Nowosti» habarlar agentliginiň Türkmenistandaky ýörite habarçysy wezipesinde işledi.

Žurnalistika pudagynda 40 ýyldan gowrak tejribe toplan Amangeldi Nurmyradow 2024-nji ýylda saglyk ýagdaýy sebäpli zähmet ýoluny tamamlamaly boldy.

Merhum tejribeli žurnalist şu gün Bäherden etrabynda jaýlandy. Amangeldi Nurmyradow Aşgabat şäherinde ýaşaýan jaýyndan jaýlanmak üçin dogduk obasyna ugradyldy.

Merhum bilen hoşlaşmaga onuň maşgala agzalary, ýakynlary, öňki kärdeşleri, Türkmenistanda akkreditirlenen ýerli we daşary ýurt habarlar agentlikleriniň žurnalistleri, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri gatnaşdylar.

Amangeldi Nurmyradowyň aradan çykmagy türkmen žurnalistika jemgyýeti üçin uly ýitgidir.

Merhumyň maşgalasyna, ýakynlaryna we kärdeşlerine çuňňur gynanç bildirýäris. Merhumyň ýatan ýeri ýagty, jaýy jennetden bolsun!

Related posts

Maryda gadymy altyn teňňe tapyldy

Meşhur aýdymçy Beýonse “TikTok” dünýäsina aralaşdy

Ata Watan Eserleri

TÜRKSOÝ-yň ýanynda ýazyjylar bileleşigi döredildi