DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri Yslamabadda duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistanyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek ugrunda alyp barýan konstruktiw ornuna we yzygiderli diplomatik tagallalaryna ýokary baha berdi.

Pakistanyň premýer-ministriniň orunbasary we daşary işler ministri, senator Mohammad Ishak Dar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köpýyllyk dostlukly we doganlyk gatnaşyklaryna seretdiler.

Pakistan–Türkmenistan hökümetara bilelikdäki toparynyň 6-njy mejlisiniň öňüsyrasynda geçirilen duşuşykda ministrler söwda, maýa goýumlary, energetika, sebitara ulag-aragatnaşyk baglanyşyklary we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň daşary işler ministrleri sebitdäki ýagdaýlar barada hem pikir alyşdylar.

Premýer-ministriň orunbasary Ishak Dar sebitde uzak möhletleýin parahatçylygy we durnuklylygy gazanmagyň ýeke-täk netijeli ýolunyň gepleşikler we diplomatiýa bolup galýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistanyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy ilerletmek ugrunda alyp barýan konstruktiw ornuna hem-de yzygiderli diplomatik tagallalaryna ýokary baha berdi.

Related posts

Siyaset alanında Yüksek Lisans Başvuruları

vepa

Ýapon kompaniýasyndan Türkmenistana hyzmatdaşlyk teklipleri

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Germaniýanyň döwlet ministri bilen duşuşygy