DÜNÝÄ

Şawkat Mirziýoýew dünýäniň iň täsirli 50 musulmanynyň hataryna goşuldy

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew halkara derejeli «The Muslim 500 – The World’s 500 Most Influential Muslims» neşiriniň 2027-nji ýyl üçin taýýarlan sanawyna görä, dünýäniň iň täsirli 50 musulmanynyň hataryna goşuldy. Şeýle hem ol döwlet baştutanlary we syýasatçylar kategoriýasynda aýratyn bellenildi.

Bu sanaw her ýyl Iordaniýanyň paýtagty Amman şäherinde ýerleşýän Korollygyň Yslam strategik barlaglar merkezi (Royal Islamic Strategic Studies Centre – RISSC) tarapyndan taýýarlanylýar. «The Muslim 500» neşiri 2009-njy ýyldan bäri çap edilýär we musulman dünýäsine syýasy, ykdysady, dini, ylmy, medeni hem-de durmuş ugurlarynda täsir edýän şahsyýetler barada maglumat berýär.

2027-nji ýyl üçin neşirde Özbegistanyň Prezidentiniň alyp barýan işleri ykdysady özgertmeler, halkara hyzmatdaşlygy, sebit diplomatiýasy, bilimiň we medeniýetiň ösüşi, şeýle hem yslam mirasyny gorap saklamak we giňden wagyz etmek bilen baglanyşyklylykda beýan edilýär.

Hususan-da, ykdysadyýeti liberallaşdyrmak, pul-karz özgertmelerini geçirmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, daşary söwdany giňeltmek, oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak we pagtaçylyk pudagynda ulgamlaýyn mejbury zähmeti aradan aýyrmak boýunça görülýän çäreler aýratyn bellenilýär.

Maglumat üçin

«The Muslim 500» neşirinde ilkinji 50 şahsyýet aýratyn reýtingde görkezilýär, galan 450 gatnaşyjy bolsa alyp barýan işleriniň ugurlary boýunça toparlara bölünýär. Sanawa syýasat, ylym, din, medeniýet, sungat, sport, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we beýleki ugurlaryň wekilleri girýär.

Neşiriň awtorlary sanawa goşulmagyň degişli şahsyýetiň musulman dünýäsine ýetirýän täsirini görkezýändigini nygtaýarlar.

Related posts

Özbegistan bilen Azerbaýjan bilelikdäki maýa goýum gaznasyny döreder

Ata Watan Eserleri

Bişkekde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

ABŞ-da tekjede 1 gamburger 5 ýyl saklandy

Ata Watan Eserleri