DÜNÝÄ

Türkiýäniň Prezidenti 8-nji noýabrda Azerbaýjana sapar eder

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 2026-njy ýylyň 8-nji noýabrynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça Azerbaýjana sapar eder.

Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Kommunikasiýalar müdirliginiň başlygy Burhanettin Duran özüniň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berdi.

Saparyň çäklerinde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçiriler.

Duşuşykda Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem döwlet Baştutanlary sebit we dünýä derejesindäki wakalar boýunça pikir alşarlar.

Çeşme: Burhanettin Duranyň X sosial ulgamyndaky resmi beýanaty.

Related posts

Türkmenistan BMG-niň edarasynyň düzümine saýlandy

Ata Watan Eserleri

Wladimir Putin Azerbaýjanda döwlet saparynda bolar

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy

Ata Watan Eserleri