BILIM

Hytaý hökümeti 2027–2028-nji okuw ýyly üçin doly maliýeleşdirilýän magistratura maksatnamasyna resminama kabul edip başlady

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2027–2028-nji okuw ýyly üçin Hytaý hökümetiniň «Zehinli ýaşlar» («Outstanding Youth») atly halkara talyp haklary maksatnamasyna resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny habar berdi.

Ilçihananyň resmi Instagram sahypasynda çap edilen maglumata görä, maksatnama ýaş hünärmenlere Hytaýda magistratura derejesinde bilim almaga mümkinçilik berýär.

Maksatnamanyň çäklerinde okuwlar iňlis dilinde alnyp barylýar we talyplara doly talyp haky berilýär. Okuwyň dowamlylygy bir ýyl bolup, maksatnama magistratura derejesini almaga gönükdirilendir.

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, bu maksatnama gatnaşmak isleýän dalaşgärler resminamalaryny Hytaýyň döwlet talyp haklary boýunça maglumat ulgamy arkaly elektron görnüşde tabşyryp bilerler.

Resminamalary kabul etmegiň soňky möhleti 2027-nji ýylyň 29-njy marty diýlip kesgitlenildi.

Dalaşgärler arzalaryny aşakdaky resmi ulgam arkaly tabşyryp bilerler:

https://studyinchina.csc.edu.cn

Maksatnamanyň şertleri, talaplary we beýleki jikme-jiklikleri barada goşmaça maglumatlary şu salgy arkaly almak mümkin:

https://www.campuschina.org/content/details3_790440.html

Hytaý hökümetiniň hödürleýän bu maksatnamasy halkara ýaş hünärmenleriň bilimini we hünär derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem halkara bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendir.

Çeşme: Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi Instagram sahypasy (@embassyofchina_tkm).

Ata Watan Media

Related posts

Türkmen ýaşlarynyň Türkiýede talyp haky bilen okamak mümkinçiliklerine seredildi

Kaliforniýa uniwersitetinde ALSA-nyň ilkinji umumy mejlisi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Bilim pudagynda türkmen-türk hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri