2025-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasynyň (YTB) başlygy Abdullah Ereniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-türk gatnaşyklarynyň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de taryhy-medeni umumylyklara esaslanýandygyny aýratyn nygtadylar. Şeýle-de, ýokary we hünär bilimi, talyp-akademik alyş-çalyş hem-de ylmy hyzmatdaşlyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygy bellenildi.
Ministr Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi, innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylýandygy we ýokary okuw mekdepleriniň sanynyň artýandygy barada hormatly myhmana gürrüň berdi.
Türk tarapy öz gezeginde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen birnäçe teklipleri beýan etdi. Olaryň hatarynda: türkmen ýaşlaryny Türkiýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde lukmançylyk we inženerçilik ýaly ugurlarda talyp hakly okatmak, orta hünär-tehniki bilim boýunça mümkinçilikleri döretmek, döwlet işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak, tomusky okuwlara türkmen ýaşlaryny çagyrmak hem-de ikitaraplaýyn akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ösdürmek ýaly ugurlar bar.
Ministr J.Gurbangeldiýew Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasynyň “Türkiye Burslari” (Türkiýäniň talyp haklary) maksatnamasynyň çäklerinde türkmen talyplarynyň Türkiýede bilim almagyna döredilýän mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen ýaşlaryna talyp haklary berlende, ilkinji nobatda, maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş, oba hojalygy, pedagogika we tebigy ylymlar ýaly ugurlaryň ileri tutulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Şeýle hem, türkmen tarapy türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan halkara gatnaşyklarynyň täze filosofiýasy hökmünde öňe sürlen “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly taglymaty türki dilli döwletleriň ýaşlarynyň arasynda giňden ýaýbaňlandyrmak boýunça Türkiýe Respublikasynyň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasy (YTB) bilen bilelikde çäreleriň geçirilip bilinjekdigine aýratyn üns çekdi.
Duşuşygyň ahyrynda Ministr hormatly myhmany 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň birinji ýarymynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara ylmy maslahatyna we sergä hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy. Taraplar geljekde bilim ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has-da pugtalanjakdygyna ynam bildirdiler.