DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary IV Minsk halkara maslahatyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Minsk şäherinde Ýewraziýa howpsuzlygy boýunça IV Minsk halkara maslahaty geçirildi. Oňa döwletleriň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşyp, halkara we sebit howpsuzlygynyň häzirki zaman meselelerini, durnuklylygy pugtalandyrmagyň geljekki mümkinçiliklerini hem-de Ýewraziýa giňişliginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow halkara we sebit durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Ol deňhukukly dialoga, özara hormat goýmaga we halkara hukugynyň kadalaryna eýermäge esaslanýan, bitewi we bölünmez howpsuzlyk binýadyny kemala getirmegiň zerurdygyny aýratyn nygtady.

Çykyşda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň binýady hökmünde ähmiýetine, şeýle hem ýurdumyzyň halkara gapma-garşylyklary syýasy-diplomatik usullar arkaly çözmäge ygrarlylygyny şöhlelendirýän «Dialog – parahatçylygyň kepili» pelsepesine aýratyn üns berildi.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmek, sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, Ýewraziýa giňişliginde ykdysady, energetika we ulag arabaglanyşygyny üpjün etmek, şeýle hem ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek meseleleri bellenildi.

Çykyşda Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna hem aýratyn orun berildi. Degişli çäreleri taýýarlamak we geçirmek maksady bilen 2026–2028-nji ýyllar üçin Milli hereketler meýilnamasynyň ýakyn wagtda tassyklanyljakdygy habar berildi.

Maslahatyň ahyrynda Ahmet Gurbanow Türkmenistanyň mundan beýläk-de köptaraplaýyn dialogy ösdürmek, ynamy pugtalandyrmak we Ýewraziýa howpsuzlygynyň möhüm meseleleri boýunça özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin özüniň bitarap diplomatik giňişligini hödürlemäge taýýardygyny nygtady.

Related posts

Türkmen wekiliýeti Katardaky konkur çempionatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Gazagystanyň Ilçisi Bilen Geçirilen Duşuşyk

vepa

Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen iň gymmat doňdurma