«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine we halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesi bolan täze üstünliklere beslenýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan oňyn döwlet syýasaty esasynda ýurdumyzda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, milli mirasy düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýäde giňden wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak, rejelemek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmäge hödürlenilýän desgalaryň sanyny artdyrmak ugrunda uly tagallalary edýär we bu babatda üstünlikleri gazanýar, halkara guramalar, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet hasabynda durýan taryhy we medeni desgalaryň köp sanlysy bar. Olaryň köpüsi arheologik ýadygärliklerdir. Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew, Köne Nusaý, Gadymy Merw, Köneürgenç, Gadymy Dehistan, Gadymy Sarahs, Abiwerd, Gökdepe galasy ýaly ýadygärlikler geçen döwürleriň naýbaşy binagärlik desgalary bolup, açyk asmanyň astyndaky ajaýyp muzeýlerdir. Olar döwlet taryhy-medeni goraghanalary hökmünde yglan edildi. Türkmenistan gymmatly taryhy mirasa eýe bolan ýurt hökmünde dünýäde ykrar edildi. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň ajaýyp ýadygärlikleri ählumumy gymmatlyga eýe bolan desgalar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Soňky ýyllarda halkara ylmy bileleşigiň ýurdumyzyň çäginde bar bolan taryhy-medeni ýadygärliklere gyzyklanmalary yzygiderli artýar.
Häzirki taryhy döwürde alymlaryň öňünde uly mümkinçilikler açyldy. Olar türkmen döwletliliginiň we dünýä taryhynyň gadymy çeşmeleriniň ähmiýetini peseldýän birtaraplaýyn çemeleşmäni ýeňip geçdiler.Häzirki döwürde Türkmenistanda ylmy nukdaýnazardan örän ähmiýetli ylmy-barlag işlerini halkara arheologik ekspedisiýalary alyp barýarlar. Munuň özi türkmen halkynyň gadymy siwilizasiýasynyň hakyky mirasdüşeri bolup durýandygyny aýdyňlygy bilen tassyk edýär.
Alnyp barylýan barlag işleriniň öňi bilen ylmy ähmiýeti bardyr. Olar taryhyň ýitirilen sahypalaryny tapyp, subutnamalary we faktlary düzmek arkaly köp müňýyllyklaryň dowamynda özüniň etniki we taryhy bitewiligini, däp-dessurlaryny, medeni özboluşlylygyny saklap biziň gadymy halkymyzyň taryhynyň bir bitewi beýanyny düzýär.
Biziň topragymyzyň her bir daban ýeri ylmy barlaglar üçin gymmatly çeşme bolmak bilen, ýene-de näçe täsinlikleri özünde jemleýändigi doly mälim däl. Türkmenistan taryhy hakykatyň höküm sürmegi we milli mirasyň we baýlyklaryň saklanyp galmagy ugrunda çalşyp, milli taryhy-medeni mirasy goramak we wagyz etmek, ýadygärlikleri dikeltmek, ýurdumyzyň çäginde arheologik barlaglary geçirmek boýunça yzygiderli işleri alyp barýar.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän taryhy we medeni ýadygärlikleri:
- Maşatata, Gökjükdepe, Dehistan ýadygärlikleri-Ýurdumyzyň Balkan welaýatynda ýerleşýär.
- Ýurdumyzyň Ahal welaýatynda: Mansurdepe, Nusaý galasy, Seýit Jemaleddin, Namazga depe, Ulug depe, Altyndepe, Mänebaba, Ýylgynlydepe, Meleheýran, Sarahs galasy ýaly taryhy we medeni ojaklar ýerleşýär.
- Ýurdumyzyň Mary welaýatynda: Merw, Soltan Sanjar, Ajyguýy, Goňurdepe, Togalakdepe ýaly taryhy ýadygärlikler taryhyň sahypalaryndan gürrüň berýär.
- Daýahatyn, Amul galasy, Astanababa ýaly ylmy-taryhy ýadygärlikleri diýarymyzyň Lebap welaýatynda ýerleşýär.
- Ýurdumyzyň Daşoguz welaýaty hem gadymy taryha baý ülkeleriň biri hasaplanýar. Ýagny, Ykmykşir, Köneürgenç, Ysmamyt ata, Aksaraýdiň ýaly taryhy ojaklar Daşoguzyň gadymylygyny subut edýär.
Bilşimiz ýaly, Nusaý ýadygärlikler toplumy 2007-nji ýylda, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki wagtda bu gadymy taryhy ýadygärlik dünýäniň dürli künjeginden gelýän syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.
