BILIM

Türkmenistanyň bilim ministri Özbegistanyň bilim we ylym ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Merkezi Aziýanyň we Mongoliýanyň bilim ulgamyna jogapkär ministrleriniň Tegelek stol duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Özbegistan Respublikasynyň Bilim we ylym ministriniň orunbasary Ilhom Tohirowiç Sirajew bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň bilim ulgamyndaky ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini bellediler.

Söhbetdeşligiň barşynda akademiki hereketlilik, gysga möhletli tejribe okuwlary, şeýle hem sanly çözgütler we mugallymlary taýýarlamak ulgamynda tejribe alyşmak meseleleri gozgaldy.

Taraplar iki ýurduň ministrlikleriniň we bilim edaralarynyň arasyndaky aragatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

«Köp dilli bilim arkaly Merkezi Aziýada we Mongoliýada sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly Tegelek stol duşuşygy ÝHHG-niň Milli azlyklar boýunça Ýokary Komissarynyň başlangyjy bilen 22-nji oktýabrda Aşgabatda geçirildi. Oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri we hünärmenler gatnaşdylar.

Related posts

Türkiýede bilim alan talyplar üçin wajyp maglumat

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty okuwa çagyrýar

Özbek talyplary Türkmenistanda tejribelik geçýärler

Ata Watan Eserleri