DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa-Gruziýa daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar

Ertir Batumide Gruziýanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Maka Boçorişwili bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler.

Bu barada Gruziýanyň daşary syýasat edarasynyň beýanatynda aýdylýar.

Habara görä, Gruziýa Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirodjiddin Muhriddin we Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow gelerler.

Çäräniň çäklerinde Boçorişwiliniň Merkezi Aziýanyň ministrleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň geçirilmegi hem göz öňünde tutulýar.

Related posts

“Bedew bady: güýç hem gözellik”: baş baýraga rus režissýor mynasyp boldy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Mongoliýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

14 milliard dollary nämä sowdy?

vepa