2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Samarkant şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň «C5+1» formatyndaky nobatdaky duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky köp ugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly möhüm meseleleri, şeýle hem häzirki halkara ýagdaýlaryň şertlerinde sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar döwletleriň özygtyýarlylygyna, garaşsyzlygyna we çäk bitewiligine hormat goýmak, özara ynam we umumy bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Syýasy dialogy giňeltmäge, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary öňe sürmäge aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň gün tertibinde söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy möhüm orun eýeledi. Taraplar ulag-logistika arabaglanyşygyny, şol sanda Hazarüsti halkara ulag geçelgesini mundan beýläk-de ösdürmegiň, özara söwdany giňeltmegiň, kompaniýalaryň işjeňligini artdyrmak we maýa goýumlary çekmek üçin amatly şertleri döretmegiň möhümdigini nygtadylar. Sebitleýin ykdysady integrasiýany çuňlaşdyrmagyň, senagat kooperasiýasyny, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygy bellenildi.
Duşuşykda sanlylaşdyrma we emeli aň, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de sanly infrastruktura ösdürmek ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn orun berildi. Tejribe we öňdebaryjy tejribeler bilen alyşmagy giňeltmegiň, şeýle hem maglumat tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk, önümçilik proseslerini awtomatlaşdyrmak we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary we tehnologik çözgütleri çekmegiň ähmiýeti nygtaldy. Taraplar emeli aňyň ykdysady ösüşi höweslendirmekde, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda we sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmekde bar bolan mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň möhümdigini bellediler.
Energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň, tebigy baýlyklary çykarmagyň we gaýtadan işlemegiň, goşulan gymmaty döretmegiň zynjyrlaryny ösdürmegiň, şeýle hem taýýar önümleri halkara bazarlaryna eksport etmek mümkinçiliklerini giňeltmegiň geljegine aýratyn üns berildi. Sebit ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän tejribe we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen alyşmaga gyzyklanma bildirildi.
Duşuşygyň çäklerinde sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmak, şol sanda terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň we ýaraglaryň bikanun dolanyşygyna, adam söwdasyna garşy göreşmek, şeýle hem döwlet serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine hem garaldy. Taraplar kiberhowpsuzlyk we möhüm infrastrukturalary goramak babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler. Ýadro howpsuzlygy we ýadro energiýasyndan parahatçylykly maksatlar üçin peýdalanmak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýeti tassyklanyldy.
Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde taryhy-medeni mirasy gorap saklamak we wagyz etmek, bilim we medeni alyş-çalyşlary giňeltmek, syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak bellenildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň «C5+1» formatyndaky Bilelikdäki Jarnamasy kabul edildi. Onda «C5+1» formatyny syýasy dialog we amaly hyzmatdaşlyk üçin möhüm platforma hökmünde mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit durnuklylygyny berkitmäge we durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm meselelerini çözmäge bolan gyzyklanma tassyklanyldy.
