BILIM

Türkmen-hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk ugurlary maslahatlaşyldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Hubeý welaýatynyň Uhan şäherinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, kiçi komitetiň Türkmen böleginiň başlygy Allaberdi Aşirowyň hem-de kiçi komitetiň Hytaý böleginiň başlygy, Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary Çžan Guançžun ýolbaşçylyk etmeginde Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Mejlisiň Gün tertibine laýyklykda, kiçi komitetiň öňki mejlisiniň geçirilen wagtyndan bäri ýerine ýetirilen işlere syn berilip, gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilendigi, iki ýurduň ylmy-barlag edaralarynyň hem-de hünärmenleriniň birnäçe ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrandygy bellenildi.

Ylym we tehnologiýa babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ylmyň gazananlaryny nebit-gaz we energetika pudaklaryna ornaşdyrmak; nebitgaz himiki tehnologiýalary we nanomateriallary işläp taýýarlamakda ylmy alyş-çalşygy alyp barmak; emeli aň babatynda akademiki binýady berkitmek we amaly başarnyklary ýokarlandyrmak; seýsmiki töwekgelçilikleri azaltmak boýunça hyzmatdaşlygy dowam etmek; adaty oba hojalyk mikroorganizmlerini işläp taýýarlamakda öňdebaryjy sintetiki biologiýa we genleri takyk redaktirlemek usullaryny ornaşdyrmak babatynda tejribe alyşmak; çölleşmä garşy göreşmek we köpdürli biologiýany saklap galmak; gowaçanyň seleksiýasy we suw tygşytlaýjy suwaryş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek görkezildi.

Ýokarda görkezilen esasy ugurlarda amaly hyzmatdaşlygy ösdürmek we bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny durmuşa geçirmek ylalaşyldy.

Mejlisde 2026-njy ýylyň aprel aýynda gol çekilen «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministrliginiň arasynda ylmy-tehniki we innowasion hyzmatdaşlyk barada 2026–2028-nji ýyllar üçin Maksatnama» we onuň Meýilnamasyna ýokary baha berildi.

Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny has-da berkitmek maksady bilen, duşuşygyň netijeleri boýunça Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 3-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Related posts

1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni bellener

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň düýbi tutuldy

Ata Watan Eserleri

Oguz han adyndaky Inžener- tehnologiýalar uniwersiteti:“Açyk Gapylar 2023”