ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň (C5) daşary işler ministrleri, şol sanda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşandygyny habar berdi.
Şu gün Özbegistanyň taryhy Samarkant şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky «C5+1» ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygy geçirilýär. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşýar.
bu duşuşygyň öňüsyrasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio bilen duşuşygy boldy.
