DÜNÝÄ

ABŞ bilen Özbegistan strategik hyzmatdaşlyk ugurlaryny maslahatlaşdy

Özbegistanyň Samarkant şäherinde ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio bilen Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň arasynda Özbegistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda Giňeldilen strategik hyzmatdaşlyk boýunça dialogyň ilkinji mejlisi geçirildi.

Bu mehanizmiň işe girizilmegi özbek-amerikan gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek ýolunda möhüm ädim bolup durýar.

Ýurtlaryň Liderleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň doly we öz wagtynda ýerine ýetirilmegi, söwda we maýa goýumlarynyň giňeldilmegi, energetika, strategik taýdan möhüm mineral serişdeler we öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly meseleler boýunça giňişleýin pikir alşyldy. Şeýle hem bilim, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar we howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Bu dialogyň özara ynamy berkitmek, bilelikdäki taslamalary ilerletmek, şeýle hem strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde täze başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk binýat döredilýär.

Related posts

Russiýada Prezident saýlawlarynyň senesi kesgitlendi

Josef Baýdenden Prezident Serdar Berdimuhamedowa gutlag haty

«Alphabetiň» aksiýalary 1 trillion dollara ýetdi

vepa