DÜNÝÄ

Türk ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyny gutlady

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şener Jebeji Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyny gutlady. Ilçi baýramçylyk mynasybetli “Ata Watan Media” topary arkaly öz ýürek arzuwlaryny beýan etdi.
Şu gün Döwlet münberinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly ýöriş geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen baýramçylyk dabarasyna köp sanly myhmanlar bilen birlikde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Şener Jebeji hem gatnaşdy.
Ilçi Şener Jebeji öz çykyşynda Türkiýäniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden döwletdigini aýratyn belledi. Şeýle hem ol Aşgabatda ilkinji ilçihanany açan döwletiň hem Türkiýe bolandygyny nygtady.
Türk diplomaty Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň geçen 35 ýylynyň dowamynda gazanan üstünliklerini görmekden örän hoşaldygyny aýtdy.
Şener Jebeji Türkiýäniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden bäri onuň bilen egin-egne durandygyny belläp, iki doganlyk ýurduň arasyndaky ýakyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady.
Ilçi Şener Jebeji Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady.

Related posts

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy

Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça teklipler

Ata Watan Eserleri