DÜNÝÄ

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Özbegistana geler

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň ABŞ–Merkezi Aziýa strategik hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de ikitaraplaýyn diplomatik we söwda hyzmatdaşlygyny berkitmek üçin oktýabr aýynyň ortalarynda Özbegistanyň Samarkand şäherine 100-den gowrak amerikan kompaniýasyndan ybarat işewür wekiliýetine baştutanlyk etjekdigi habar berildi. Bu barada ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekil Serjio Gor habar berdi.

Saparynyň dowamynda Döwlet sekretary Marko Rubio Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrliri bilen bilelikde “C5+1” ministrler duşuşygyna gatnaşar.

Duşuşykda sebitleýin ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, energetika howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga we “C5+1” çäginde umumy sebitleýin ilkinji nobatdaky wezipelere bilelikde çözgüt tapmaga gönükdiriler.

Döwlet sekretary Marko Rubio söwdany giňeltmek, hususy pudaga maýa goýumlaryny höweslendirmek we tutuş Merkezi Aziýada ykdysady döwrebaplaşdyrmany goldamak meselelerini maslahatlaşmak üçin Özbegistanyň ýolbaşçylary we sebitleýin kärdeşleri bilen duşuşar.

Related posts

Türkmenistan Indoneziýa we Kipr Respublikasyna ilçi belledi

“Hytaý-Merkezi Aziýa” daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 4-nji duşuşygy

Ata Watan Eserleri

GDA-nyň synçylar topary Türkmenistandaky saýlawlara gatnaşar