SPORT

Bakuda “Formula 1”: daşary ýurtly myhmanlaryň sany rekord derejä ýetdi

Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda geçirilýän “Formula 1” Azerbaýjan Gran-prisi diňe bir awtomobil ýaryşy däl, eýsem köp sanly daşary ýurtly myhmanlary özüne çekýän iri halkara çäresine öwrüldi.

Şu ýyl “Formula 1” ýaryşlaryny synlamak üçin Bakuwa gelen daşary ýurtly myhmanlaryň sany 16 müňden geçdi. Bu Bakuda “Formula 1” geçirilip başlanaly bäri iň ýokary görkeziji boldy. Deňeşdirmek üçin, 2025-nji ýylda bu görkeziji 14 müň töweregi bolupdy. 2026-njy ýylyň Azerbaýjan Gran-prisine petekleri dünýäniň 120-den gowrak ýurdundan janköýerler satyn aldylar.

Şu ýyl “Formula 1” Bakunyň köçelerine 10-njy gezek dolanýar. Şunuň bilen baglylykda “Formula 1”-iň resmi saýty hem Baku şäher trasynyň 10 ýyllygyna bagyşlap, ýaryşlaryň dowamynda trasdan daşarda bolup geçen iň ýatda galyjy pursatlaryň onusyny saýlady. Olaryň arasynda Fernando Alonsonyň azerbaýjan halysyny dokap görmegi, Sebastian Fetteliň milli azerbaýjan başgapyny geýmegi, paddokda peýda bolan pişigiň türgenleriň we toparlaryň ünsüni çekmegi ýaly pursatlar bar.

Baku trasynyň aýratynlyklarynyň biri hem onuň şäheriň taryhy böleginiň içinden geçmegidir. Içeri şäheriň gadymy gala diwarlarynyň golaýyndaky 8-nji öwrüm bary-ýogy 7,6 metr giňlikde bolup, “Formula 1” senenamasyndaky iň dar bölek hasaplanýar.

“Formula 1” günlerinde Bakuda awtomobil söýüjiler üçin başga çäreler hem geçirilýär. Azerbaýjan Awtomobil Federasiýasynyň guramagynda Deňiz kenaryndaky Milli seýilgähiň çäginde klassik awtomobilleriň sergisi açyldy. Ýaryş günlerinde “Formula 1”-iň janköýerler zolagyna gelýänler dürli döwürlere degişli retro awtomobiller bilen tanşyp bilerler.

Şeýlelikde, “Formula 1”-iň Baku tapgyry sport ýaryşy bilen birlikde, Azerbaýjanyň paýtagtyna müňlerçe daşary ýurtly myhmany çekýän hem-de şäheriň taryhyny, medeniýetini we awtomobil mirasyny dünýä tanadýan iri halkara çäresine öwrülýär.

Related posts

“Garabag” çempion boldy

“Ewerton” toparyny amerikaly işewürler satyn alýar

Ata Watan Eserleri

Messiniň täze keşbi

Ata Watan Eserleri