JEMGYÝETSPORT

Türkmenistanyň “Galkan” topary finala çykdy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, paýtagtymyz Aşgabat hokkeý boýunça halkara ýaryş dowam edýär. Dünýäniň 10 ýurdundan 10 toparyň gatnaşmagynda geçirilýän halkara ýaryşda ýurdumyza wekilçilik edýän “Galkan” topary finala çykdy.

“Galkan” topary ýaryşyň 4-nji duşuşygynda Özbegistanyň “Feniks” toparyny 9:1 hasabynda utup, finala gatnaşmaga hukuk gazandy.

Halkara ýaryşda 4 duşuşykda ynamly ýeňiş gazanyp, 12 utuk jemlän “Galkan” topary finala çykyp, finaldaky bäsdeşine garaşýar. Onuň bäsdeşi bu ýaryşyň “B” toparynyň iň köp utuk jemlän topary bolar.

Turuwbaşdan halkara ýaryşyň birinji duşuşygyndna bäri erjel oýun görkezýän ildeşlerimiz bäsdeşlerini ýokary hasaplar bilen ýeňdi. “Galkan” topary ilkinji duşuşygynda «Bahreýn» toparyny 8:1 hasabynda utupdy.

Omanyň «Oman Nationals» toparyny 15:1 hasabynda utan ildeşlerimiz soňra Eýran Yslam Respublikasynyň  «Ice Box Iran Mall» toparyny 13:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Türkmenistanyň “Galkan” topary 4-nji duşuşygynda ýaryşyň güýçli toparlaryndan Özbegistanyň “Feniks” toparynyň derwezesinden jogapsyz 9 şaýbany geçirmegi başardylar.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri diplomatlar bilen Arkadag şäherinde gurulýan metjide baryp gördi

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Prezidentini Ga­raş­syz­lyk gü­ni bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri baýram namazyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri