Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmek amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlaryň saglygyny goramak, olaryň bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmaklary we wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin amatly şertleri döretmek bu syýasatyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan milli ylym ulgamyny ösdürmek strategiýasy häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan syýasat, ilkinji nobatda, ulgamyň işini kämilleşdirmek, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny wagyz etmek, olary milli ykdysadyýetimize ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmaga gönükdirilendir.
Jemgyýetde ylmyň ornuny berkitmek arkaly ilatyň intellektual derejesini we ylmy dünýägaraýşyny ýokarlandyrmak; mekdep okuwçylaryny, talyplary ylym bilen meşgullanmaga höweslendirmek; ylmy maglumatlaryň elýeterliligini üpjün etmek; ylmyň we tehnikanyň gazananlary barada bilimleriň dürli görnüşlerini, usullaryny ösdürmek; ýaşlary ylmy we innowasion taslama işlerine işjeň çekmek ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitlenildi.
Döwlet Baştutanymyzyň 2025-nji ýylyň 17-nji oktýabryndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi öňde duran wezipeleri oňyn çözmäge ýardam berýär. Mälim bolşy ýaly, bu Strategiýa 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren teklibi esasynda işlenip düzüldi. Onuň esasy maksady ýokary hünär biliminiň hilini we derejesini ýokarlandyrmakdan, zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamakdan, her bir adamyň ýokary bilime elýeterliligini üpjün etmekden hem-de milli ýokary bilim ulgamynyň halkara derejedäki bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmakdan ybaratdyr.
Soňky ýyllarda daşary ýurtlaryň iri bilim we ylmy merkezleri, abraýly halkara guramalar, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, ÝUNISEF, ÝUNESKO ýaly düzümler bilen hyzmatdaşlyga uly itergi berildi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde düýpli, nazary we amaly ylmy barlaglaryň özara baglanyşygy ep-esli işjeňleşdirildi.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde milli ykdysadyýetimiziň talaplaryna laýyk gelýän täze hünärleriň we taýýarlyk ugurlarynyň 20-si girizilýär. Şeýle uzak möhletli döwür üçin meýilleşdirilen işler amala aşyrylýan özgertmeleriň durnuklydygyna, yzygiderlidigine we geljege gönükdirilendigine şaýatlyk edýär. 2026-2027-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 10-sy açylýar. Hususan-da, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde nebit, gaz känleriniň maşynlary we enjamlary; metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak ýaly täze hünär ugurlary peýda bolar. Bu ugurlar ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak, senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, önümçiligiň hilini ýokarlandyrmak we standartlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasata ýugrulan bilim özgertmelerinde ýaýbaňlandyrylýan beýik işleri bu gün özüniň mynasyp beýanyny tapýar. Ylma-bilime sarpa goýýan, onuň gadyr-gymmatyna has oňat düşünýän merdana halkymyzyň asyrlarboýy ata-babalarymyzyň bu ugurda görkezen nusgalyk edim-gylymlarynyň, ylymly, bilimli bolmak, Watany söýmek göreldesine eýerýän ýaş nesliň kemala gelýändigini alamatlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň netijesinde kämil hünärmenler, bilimli ýaşlar kemala gelýär. Munuň özi ýurdumyzy durmuş-ykdysady, medeni we syýasy taýdan ösdürmek ugrundaky işleriň ylmy esasda alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ylmyň we bilimiň gazananlarynyň halk hojalygyna giňden ornaşdyrylýandygy, döwletimizi innowasiýaly, senagat taýdan ösen döwlete öwürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň amala aşyrylýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Selbinýaz Alçekowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 4 NGPYD “B” toparynyň talyby.
