Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Putin gutlag hatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky tagallalaryna ýokary baha berýändiklerini belledi.
Rus Lideriniň gutlag hatynda şeýle diýilýär:
Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegini dowam edip, dünýä giňişligindäki abraýyny barha pugtalandyrýar. Biz Siziň ýurtlarymyzyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen tagallalaryňyza ýokary baha berýäris. Biz Russiýanyň we Türkmenistanyň dostlukly halklarynyň, Merkezi Aziýada, Hazar sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ikitaraplaýyn hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki işlerimizi dowam etdireris.
Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.
